Türkmenistanda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, halkymyzyň saglygyny gowulandyrmak, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Topragymyzda ösýän ösümlikleriň aglabasy dermanlyk häsiýetli bolup, dürli keselleri bejermekde we saglygy berkitmekde halk lukmançylygynda ir döwürlerden bäri ulanylýar. Şulary göz öňünde tutup, iýýän iýmitiňizi ter miweler we gök-bakja önümleri bilen baýlaşdyryň. Gök önümler saglyga kuwwat beriji witaminlere we minerallara baýdyr. Biodürlüligi saklamak üçin öz iýmitiňize ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän möwsümleýin önümleri goşuň.