Abadan durmuşyň berkararlygy

8 Iýul 2021
942

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda şu ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi geçirildi. Onda jemgyýetçilik hukuk tertibini ýokary derejede berjaý edip, asuda we bagtyýar durmuşy üpjün etmek, adamyň ömrüni, saglygyny goramak, ýaş nesilleri kämil edep-terbiýeli, watansöýüji, milli häsiýetli, belent ahlakly şahsyýetler edip ýetişdirmek, hukuk bozulmalaryň öňüni almak, olara getirýän sebäpleri we şertleri aradan aýyrmak, milli we ruhy-ahlak gymmatlyklaryň hormatlanylmagy we goralmagy bilen bagly wajyp wezipelere aýratyn orun berildi. Dürli jenaýatlaryň öňüni almagyň, olara şert döredýän ýagdaýlary hem-de sebäpleri ýüze çykarmagyň, seljermegiň, aradan aýyrmagyň, bu ugurda wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini, öňüni alyş çärelerini geçirmegiň harby we hukuk goraýjy edaralaryň, häkimlikleriň, geňeşleriň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, beýleki guramalaryň örän möhüm wezipesi bolup durýandygyny hormatly Belent Serkerdebaşymyz aýratyn nygtap geçdi.

Her bir jemgyýetiň berkararlygy, asudalygy hem durnukly ösüşi kanunylygyň höküm sürmegindedir, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň, kanun tarapyndan goralýan döwlet hem jemgyýetçilik bähbitleriniň goraglylygynyň berkligindedir. Şonuň bilen birlikde, Esasy Kanunymyzyň kadalaryna laýyklykda, hukuklaryň we azatlyklaryň amala aşyrylmagy beýleki adamlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, şeýle hem ahlak kadalaryny, kanunyň talaplaryny, jemgyýetçilik tertibini bozmaly däldir; Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan ýa-da wagtlaýyn bolýan her bir adam Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny berjaý etmäge, milli däp-dessurlary, taryhy, medeni we tebigy mirasy hormatlamaga borçludyr. Milli kanunçylygyň takyk we birmeňzeş berjaý edilmegi, hukuk we jemgyýetçilik tertibiniň üpjün edilmegi her bir raýatyň kanunlara we beýleki hukuk kadalaryna doly we dogry düşünmekleri, oňa hormat goýmaklary, hukuklaryny we azatlyklaryny peýdalanmagyň maksadalaýyk usullaryny, serişdelerini we ýollaryny saýlamak başarnyklary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Mekan BERDIÝEW
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň uly maslahatçysy.