Zeýtun ýagynyň düzümi A, D, E, K witaminlerden, olein we limon kislotasyndan ybaratdyr. Saglyk üçin peýdaly iýmit önümi bedende holesteriniň derejesini peseltmekde uly orun eýeleýär. Ýürek-damar kesellerinde, diabetde, sowuklamanyň öňüni almakda, aşgazan-içege kesellerinde, horlanmakda, ýatkeşligi gowulandyrmakda, ýaralary oňat bitirmekde örän peýdalydyr. Berhiz lukmanlary zeýtun ýagynyň ähli berhizlerde ulanylmalydygyny aýdýarlar.
Künji ýagy adam bedeni üçin gerek ýokumlara baý dermanlyk häsiýeti bilen tapawutlanýar. Onuň bejerijilik häsiýeti örän ýokarydyr. Lukmanlarymyz künji ýagynyň bedende örän ýeňil özleşýändigini, iýmit siňdirişini ýeňilleşdirýändigini, bedeniň madda alyş-çalşygyny kadalaşdyrýandygyny, aşgazanda ýara döremeginiň öňüni almakda, bedeni gurplandyryjy, güýç-kuwwat beriji iýmit önümidigini nygtaýarlar.