Dynç almak — tebigatyň kanuny

22 Iýul 2021
1203

Durmuş dogrusynda pikir edenimde, käte eline köp ýaprakly ösümligi alyp: «Söýýär...», «söýenok..», «söýýär...», «söýenok..» diýip, ýapraklary gezek-gezegine ýoluşdyrýan ýetginjek göz öňüme gelýär. Men, elbetde, häzir ol sözleri: «işlemek...», «dynç almak...», «işlemek...», «dynç almak...» diýen sözler bilen çalşardym.

Şeýle pikirlere berlip otyrkam, gözüm otagdaky howa sowadyja düşýär. Işleýär, öçýär, işleýär, öçýär. Ýa-da aşhanadaky iýmit sowadyjy hem edil şonuň ýaly. Eýsem, näme üçin öçýärkä?! Elbetde, işlemek üçin. Häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary akylly we sowatly adamlar tarapyndan hut ynsan üçin adamyň öz tymsalynda döredilen serişdeler ahyryn.

Aşyrmät GARLY
«Adalat».