Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň dowamynda Türkmenistan döwletimiziň berkararlygynyň kanuny binýadyna aýratyn ähmiýet berildi. Sebäbi kanunçylygyň kämilleşdirilmegi ösüşleri nazarlaýan döwletimizde möhüm orny eýeleýär. Bu tötänden däldir.
Ýurdumyzda jemgyýetçilik hem-de döwlet edaralarynyň işini demokratiýalaşdyrmaga gönükdirilen çäreler yzygiderli geçirilýär. Milli kanunçylygyň kadalarynyň doly durmuşa geçirilmeginde adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny üpjün etmäge gönükdirilen halkara talaplar göz öňünde tutulýar. Adamyň we raýatyň hukuklary hem-de azatlyklary babatdaky halkara şertnamalaryna we konwensiýalara gatnaşyjy bolmak bilen, Türkmenistan möhüm halkara-hukuk resminamalarynyň talaplarynyň berjaý edilmegini yzygiderli üpjün edýär. Türkmenistanyň hukuk ulgamy adamyň we raýatyň Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynda, Adam hukuklaryny we esasy azatlyklaryny goramak hakyndaky Ýewropa konwensiýasynda, Raýat we syýasy hukuklar hakyndaky halkara ähtnamasynda we şu babatda dünýä bileleşigi tarapyndan umumylykda ykrar edilen beýleki namalarda göz öňünde tutulan adamyň we raýatyň hukuklarynyň ileri tutulmagyny üpjün edýär.