Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 1-nji iýulynda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi ýurdumyzda jemgyýetçilik hukuk tertibini, asuda we bagtyýar durmuşy üpjün etmekde, adamyň ömrüni we saglygyny goramak babatda döwlet syýasatymyzy has-da ilerletmekde harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde täze wezipeleri kesgitledi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisde hukuk bozulmalaryna garşy terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini geçirmekde bilim edaralarynyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Zenanlar birleşiginiň, Ýaşlar guramasynyň, Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň komitetleriniň orunlaryny belläp, olaryň ýaşlary ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watançy, zähmetsöýer, akylly-başly edip ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan çärelere işjeň gatnaşmagyna ünsi çekdi.