Eziz Diýarymyzda bolup geçýän oňyn özgerişler berk hukuk binýadyna daýanýar. Türkmenistanyň Kanunlary bolsa yzygiderli kämilleşdirilýär we döwrebaplaşdyrylýar. «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem raýatlara bähbitli ýörelgelere esaslanýar.
Administratiw iş — munuň özi administratiw edaralaryň administratiw namanyň kabul edilmegine gönükdirilen işidir. «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanuny administratiw edaralar tarapyndan administratiw namalarynyň kabul edilmegi, ýerine ýetirilmegi ýa-da ýatyrylmagy bilen bagly amala aşyrylýan işiň hukuk esaslaryny, ýörelgelerini we önümçilik düzgünlerini belleýär hem-de adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmeginiň üpjün edilmegine, kanunyň hökmürowanlygyna gönükdirilendir. Bu Kanun ýurdumyzda administratiw önümçiligiň umumy düzgünleri, önümçilik ýörelgeleri we kepillikleri, olary amala aşyrmagyň möhletleri, resminamalara we gollaryň hakykylygyna resmi şaýatlyk etmek, administratiw nama, administratiw namanyň hakykylygy, şikaýat önümçiligi, administratiw namalary ýerine ýetirmek, administratiw edaralaryň jogapkärçiligi baradaky hukuk kadalary özünde jemleýär.