Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallasy bilen Garaşsyz Watanymyzda sporta uly üns berilýär. Ýurdumyzda sport we bedenterbiýe bagtyýar halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesine öwrüldi. Bagtyýarlyk döwrümizde şäher gurluşygynda sport desgalary hem bina yzygiderli edilýär. Hut şunuň netijesinde Garaşsyz Diýarymyzda sport hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanýanlaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Ylaýta-da, ýaşlaryň arasynda sport bilen türgenleşip, mekdep ýyllarynda welaýat we ýurt boýunça geçirilýän sport ýaryşlaryna gatnaşyp, çempion bolýanlary bizi has-da guwandyrýar. Şeýlelikde, ýaşlaryň ýetginjeklikden başlanýan sport ýoly olaryň bedeniniň taplanmagyna uly ýardam berýär.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 16-njy iýulynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň gözelligine görk goşýan Olimpiýa şäherçesindäki «Sport» myhmanhanasynda geçirilen dabara hem doly aýan etdi. Şol gün ýurdumyzdan Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde 23-nji iýul — 8-nji awgust aralygynda boljak XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy boldy. Milli Liderimiziň XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistana wekilçilik edýän sport toparyna iberen Gutlagynda hem nygtalyşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň sport ulgamynyň taryhyna täze sahypalar ýazylýar. Bu ajaýyp zamanada ykballaryny sporta baglan ýaşlarymyz sebit we halkara derejedäki ýaryşlarda eziz Watanymyzyň sport abraýyny mynasyp gorap, watansöýüjiligiň, gaýduwsyzlygyň, hakyky ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezýärler. Gahryman Arkadagymyz türkmenistanly türgenleriň XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ajaýyp ýeňişleri gazanyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramyna toý sowgatlary bilen geljekdiklerine, sportda «Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.» şygaryny öňe sürýän eziz Watanymyzyň — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ülkesi hökmünde halkara derejedäki abraýyny has-da belende göterjekdiklerine, şeýle-de türkmen sportuny Ýer ýüzünde şöhratlandyrjakdyklaryna uly ynam bildirýär.