Rysgal başy — bugdaý

1 Iýul 2021
1289

 Ata-babalarymyzyň mesgen tutan, ýurt tutan — ene toprak diýip atlandyrýan topragy hakykatdan hem ene ýaly sahawatly. Ata Watanymyzyň dag ýerinde dagy, deňiz ýerinde deňzi bar, derýa ýerinde derýasy, sähra ýerinde sährasy bar. Goýny keremden, topragy bereketden, sahawatdan doly.
Rowaýatlarda aýdylyşy ýaly, Müsürde Ýakubyň ogly Ýusup, galla ätiýajynyň zerurdygyny duýanlygy üçin soltanlyk tagtyna rowa görülýär. Diýmek, baýlyk başy bugdaýdadyr. Gallaçy daýhanlarymyz bolsa sahawatly türkmen topragynda bugdaýyň bol hasylyny öndürdiler. Zähmet ýeňşiňiz gutly bolsun, gallaçy daýhanlar! Döredip beren mümkinçilikleriňiz we zerur şertleriňiz üçin Taňryýalkasyn, Gahryman Arkadagymyz! 

Güljennet ÝUSUPOWA
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Ahal welaýat bölüminiň hünärmeni.