Gün şöhlesiniň täsiri arkaly bedende ýaşaýyş üçin derwaýys maddalar döreýär. Onda ýaş çagalarda rahit keseliniň öňüni almaga ýardam edýän D witamini bar. D witamini almak üçin her gün irden 10:00-a çenli (15—20 minut), agşam 18:00-dan soň çagajyk bilen gezelenç etmek ýeterlikdir. Gün şöhlesi uly adamlar üçin hem gerekdir. Haçan-da beden üçin gerek bolan Gün şöhlesi kabul edilmese, adamda keýpsizlik, ukusyzlyk döreýär we depressiýanyň ýüze çykmagyna getirýär.
Adam Günsüz oňup bilmez, ýöne Gün şöhleleriniň adam saglygyna belli derejede zyýanlydygyny-da ýatdan çykarmaly däldiris. Gün şöhlesiniň zyýanly täsiri A, B, C şöhlelerinden ybarat bolan ultramelewşe şöhleleri arkaly ýüze çykýar. Ultramelewşe şöhläniň Ýer gatlagyna çenli ýetip gelýän Gün şöhlesiniň esasy bölegini A şöhleler emele getirýär. Ultramelewşe A şöhleler otag aýnalaryndan göni, eşiklerden kem-käsleýin geçýär we deriniň derasty öýjüklerine aralaşyp bilýär. Bu şöhle derini ýakmaýar, ýöne deride howply täze döremeleriň emele gelmegine we adamyň derisiniň tiz garramagyna uly täsir edýär. B şöhleleriň 70 göterimi derasty öýjüklerine aralaşyp bilmeýär, ýöne D witaminiň işlenip çykarylmagyna itergi berýär. Bedeniň Güne ýanmagyna we deride Gün ýanygynyň döremegine getirýär. C şöhlesi atmosferanyň ozon gatlagyndan geçmeýär we adama howp salmaýar.