Hukukçynyň sözleýiş medeniýeti

8 Iýul 2021
1018

Hormatly Prezidentimiz ýurduň ösüşiniň düýp özenini öňi bilen, ýaş nesillerimiziň ylym, bilim ulgamynda gazanan üstünliklerinde, olaryň ata-babalarymyzyň gazanan akyl, ruhy baýlyklaryna wepaly bolmaklarynda we olary täze açyşlar bilen dowam etmeklerinde, medeniýeti hem-de sungaty ösdürmekde görýär. Ylmyň, tehnikanyň düýpli ösýän häzirki zaman jemgyýetinde hukuk medeniýetini we aňyýetini ösdürmegiň möhüm serişdesi bolan dil — dil biliminiň esasy meseleleriniň biri bolup durýar. Hukukçynyň sözleýiş medeniýeti babatyndaky meseleleri öwrenmek dil biliminiň, şol bir wagtda, onuň kanunçylyk esaslaryny berkitmek bolsa, hukuk ylmynyň öňünde duran derwaýys meseleleriň biridir.

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugruna öwrüldi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 8-nji ýanwarynda milli Liderimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gadymdan gelýän milli ynsanperwer ýörelgelere laýyklykda, iň döwrebap enjamlar, interaktiw tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman döwlet hünär bilimi edaralarynda ýaşlara halkara derejesinde bilim we terbiýe bermäge, olaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, durmuş, medeni, ruhy we beden taýdan ösüşine ýardam etmäge gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ýokary bilimli hukukçy hünärmenleriň sözleýiş medeniýetiniň nusgalyk derejede bolmagyny gazanmak döwletimiziň bilim syýasatynyň öňünde goýan esasy wezipeleriniň biridir.

Döwlet AMANOW
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň uly mugallymy, polisiýanyň podpolkownigi.