Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda bolup geçýän özgerişler berk hukuk esaslaryna eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek iki palataly parlamentiň döredilmegi kanun çykaryjy ulgamyň işini hil taýdan täze derejä çykarmak bilen ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde geçirilýän özgerişleriň berk kanunçylyk binýadyny kemala getirmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa halkymyzyň milli ýörelgelerini dünýäniň syýasy ylmynda we tejribesinde öňe sürlen gymmatlyklar bilen utgaşdyrmak esasynda kämil derejede raýat jemgyýetiniň kemala gelmegini üpjün edýär.
Bagtyýarlyk döwrümizde Türkmenistanyň ösüşi ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny düýpli, mazmun taýdan täzelemäge, demokratik edaralaryň işine häzirki zaman ölçeglerini we kadalaryny ornaşdyrmaga, döwletiň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmäge, adamyň döredijilik mümkinçiliklerini açmak, raýatlyk hukuklaryny hem-de azatlyklaryny üpjün etmek we goramak üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen öňdebaryjy özgertmeler bilen häsiýetlendirilýär.