"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Rugsatlar — zähmet hukugynyň esasy kepilligi

Ýurdumyzyň her bir raýatynyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, netijeli zähmet çekmegi, ýokary derejeli dynç almagy we wagtlaryny peýdaly geçirmegi üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Esasy Kanunymyzyň 50-nji maddasyna laýyklykda, her bir adamyň dynç almaga hukugy bardyr we ol iş hepdesiniň çäklendirilen dowamlylygynyň bellenmeginden, her ýylky tölegli zähmet rugsatlarynyň, her hepdede dynç günleriniň berilmeginden ybaratdyr. Döwlet adam üçin dynç almaga we boş wagtyny peýdalanmaga amatly şertleri döredýär. Zähmet kodeksine laýyklykda, ýurdumyzda rugsatlaryň her ýylky esasy rugsat, goşmaça tölegli rugsat, durmuş rugsady, zähmet haky tölenilmeýän rugsat ýaly görnüşleri bellenilýär. Bulardan başga-da, her bir adamyň durmuş we maşgala ýagdaýyna, amala aşyrýan işiniň görnüşine baglylykda, dynç almak üçin rugsatlaryň aýratynlyklary göz öňünde tutulandyr.

Ruhubelentlige beslenen welosipedli ýöriş

Güneşli Diýarymyzda çagalar bagyndan başlap, tä uly ýaşly adamlara çenli ähli ildeşlerimiz hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesine we sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak arkaly öz bedenlerini berkidýärler. Biz muňa 3-nji iýunda ýurdumyzda giňden dabaralanan Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen sport ýaryşlarynda, welosipedli ýörişlerde has-da aýdyň göz ýetirdik. Gözel paýtagtymyzyň aýna ýaly tekiz şaýollarynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, ýokary we orta okuw mekdepleriniň talyplarydyr professor-mugallymlarynyň gatnaşmagyndaky welosipedli ýörişler yzygiderli guralýar. Bu bolsa ýurdumyzda mähriban halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine giňden eýerýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup, dünýä halklaryny haýrana goýýar.

Abadançylygyň gözbaşy

Şu günler howanyň yssy bolmagy bilen baglylykda, ähli ýerlerde elektrik sowadyjy enjamlar örän köp ulanylýar. Şonuň üçin olarda dürli näsazlyklar sebäpli, ýangyn döremek howpy ýüze çykýar. Elektrik akymy bilen işleýän enjamlary işjeň ýagdaýda gözegçiliksiz galdyrmak, geçirijiler ulanylanda, olary öz agramyna sallap goýmak, daşky örtügi zaýalanan görnüşde ulanmak, elektrik ýagtylandyryjy çyralaryň daşyna ýanyjy enjamlary örtmek howpludyr.

Gün şöhlesiniň täsiri

Güneşe baý Diýarymyzda tomus paslynyň jöwzaly günleri dowam edýär. Tomus — zähmet rugsatlarynyň, medeniýetli dynç alyşlaryň gyzgalaňly döwri. Hut şu nukdaýnazardan, Gün şöhlesiniň peýdasy we Gün urmasyndan goranmagyň usullary barada gürrüň bermegi makul bildik. Gün uranda adamlaryň deri örtügi gyzaryp, guraksylanýar we ýadawlyk, kellagyry, baş aýlanma, mejalsyzlyk, aýaklarda agyry, kähalatlarda gaýtarmak, ýüregiň çalt urmasy, huşuňy ýitirmek, uka meýillilik, gulak şaňlamasy ýaly alamatlar ýüze çykýar. Şeýle-de, ejir çekeniň bedeniniň gyzgyny ýokarlanýar. Gün urana öz wagtynda kömek berilmese, onuň ýagdaýynyň agyrlaşmagy mümkindir.

Döwrümiziň ýyl ýazgysy: zer çaýylan sahypalar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her bir günümiz taryhy wakalara, guwandyryjy netijelere, beýik ösüşlere, şanly senelere beslenip, taryhyň sahypalaryna ýazylýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz taryh üçin gözel paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň, döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýyly hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. Her bir günümiziň, hepdämiziň ýatdan çykmajak wakalara beslenip geçmegi durmuşymyza many, döwrümize şan berýär. Bu hepde hem il-ýurt bähbitli döwletli işlere, ýakymly pursatlara, ajaýyp wakalara baý boldy. Sebäbi bu hepde ak şäherimiz Aşgabadyň şanly senesiniň baýram edilen hepdesidir. 25-nji maýda hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli paýtagtymyzyň demirgazygynda «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumynyň düýbüni tutmak we iki gatly täze ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga bermek boýunça guralan dabaralara gatnaşdy. Umumy meýdany 744 gektar bolan bu ägirt uly toplum dürli maksatly binalardyr desgalaryň 240-dan gowragyny öz içine alyp, ýaşamak we dynç almak üçin ähli zerurlyklary üpjün edilen tutuş şäher düzümini emele getirer. Bu ýerde kaşaň, şol sanda has belent, ýagny 12 — 35 gatly, 107 müňden gowrak ilata niýetlenen, 17 müň 836 öýli, sekiz görnüşli 180 sany ýaşaýyş jaýyny gurmak meýilleşdirilýär. «Şäheriň içindäki şäher» diýlip

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň gazylyp alynýan senagat boýunça ýokary derejeli ählumumy forumynda eden çykyşy

(2021-nji ýylyň 25-nji maýy) Hormatly Baş sekretar!

Adam hukuklaryny goramagyň kepillikleri

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy: halka daýanyp, halkyň hatyrasyna» atly taryhy makalasynda: «Häzirki zaman jemgyýeti hakyky gymmatlyklaryň baýlyklarda däl-de, eýsem, adamlardadygyny, olaryň bilimindedigini, hünär derejesindedigini we zähmetiniň netijesindedigini görkezýär» diýip, şu güniň we geljegiň aýdyň ýoluny görkezýär. Esasy Kanunymyzyň 4-nji maddasynda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir» diýlip berkidilen. 2021-nji ýylyň 14-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisinde Halk Maslahatynyň agzalarynyň öňünde örän uly wezipeleriň durýandygyna ünsi çekmek bilen: «Halk Maslahatynyň agzalary raýatlaryň Esasy Kanunymyzda beýan edilen hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça degişli işleri geçirmelidirler. Döwletimiziň adam hukuklaryny goramak boýunça alyp barýan ynsanperwer syýasatyny kanunçylyk taýdan üpjün etmelidirler. Biziň döwletimiziň kanunçylyk binýadyny halkara hukugyň adam hukuklaryny düzgünleşdirýän kadalary esasynda mundan beýläk-de kämilleşdirmelidirler» diýip nygtady.

Mähriban enäniň ajaýyp serpaýy

Ýakynda «Watan» habarlar gepleşiginde Milli Geňeşiň Mejlisiniň, Medeniýet ministrliginiň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, ak şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Ýürek mähri siňen sungat» atly dabaraly maslahatda hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň 50 ýyl mundan öň tiken hem-de ussatlyk bilen keşdelän kürtesini, ören gülli jorabyny Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň döwlet muzeýine sowgat berendigi baradaky şatlykly habar kalplarymyzy buýsanja besledi. «Paýhas çeşmesi» atly kitapda «El görki hünär», «Hünär eýesini eziz eder» diýlişi ýaly, Ogulabat ejäniň ýürek mährini siňdirip, sünnäläp tiken kürtesi ene-mamalarymyzyň asyrlar aşyp gelen dünýä belli keşdeçilik sungatynyň ajaýyp nusgasydyr. Munuň özi halkymyzyň bagtyna ak Gün bolup dogan milli Liderimizi dünýä beren, halkymyzyň howandary, milletimiziň Arkadagy edip terbiýelän mähriban Ogulabat enemize bolan beýik hormatymyzy barha belende göterýär. Bagtyýarlyk döwrümiziň harby zenanlary bolan biz milli mirasymyzy aýap saklamakda hem-de iňňän inçe çeper el işlerini ýaş nesillere geçirmekde nusgalyk işleri bitirýän Ogulabat ejäniň beýik sungatynyň öňünde tagzym edip, baş egýäris.

Halkymyzyň hormaty

Aşgabat döwrüň, dünýäniň ajaýyp şäheri. Aşgabadyň soňky ösüşleriniň özeninde Türkmenistanyň at gazanan Arhitektory, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bar. Aşgabat dürli döwürleriň howasyndan dem alyp, agyr-agyr synaglary, 1948-nji ýylyň ýertitremesini başdan geçirdi. Soňky 14 ýylda — Arkadagly ýyllarda Aşgabat şondan öňki ýyllara garanyňda, örän ýokary depginde ösdi. Hut şonuň üçin hem paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli ak şäherimiz Aşgabady adamzadyň medeni ösüşiniň esasy merkezleriniň biri hökmünde dünýä tanatmakda, häzirki zaman şäher düzümini kemala getirmekde bitiren aýratyn uly hyzmatlaryny hem-de şahsy goşandyny, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň isleg-arzuwlaryny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowa «Aşgabat şäheriniň hormatly raýaty» diýen ady dakmak hakynda Karar kabul etdi. Halkymyzyň buýsanjyndan berlen hormatly adyňyz gutly bolsun, Gahryman Arkadagymyz!

Arkadagdan arkaly, il içinde sarpaly

Aşgabat şäheriniň häzirki ajaýyp derejesine ýetmeginde ýurdumyzyň her bir raýatynyň mynasyp paýy bar. Paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde, ykbalyny Aşgabada baglan we şäheriň ýokary sepgitlere ýetmegine uly goşant goşan watandaşlarymyzyň uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetleri sarpalandy. «Işleseň, il tanar» diýleni çyn. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda dürli pudaklarda göreldeli zähmet çekip, döredijiligi bilen adamlary ruhlandyrmakda goşan şahsy goşantlaryny hem-de Garaşsyz döwletimiziň, mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini, gazanan ýokary netijelerini we hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ildeşlerimiziň birtoparyna Türkmenistanyň döwlet sylaglary gowşuryldy.

Ajap sergi ak şäheriň şanyna

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýüregi bolan Aşgabatda «Ak şäherim Aşgabat» atly halkara köpugurly sergi ýigriminji gezek geçirildi. Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň bellenilmegi türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary üçin örän guwandyryjy we buýsandyryjy wakalaryň biridir. Gahryman Arkadagymyz bu ajaýyp sene mynasybetli türkmen halkyna ýollan Gutlagynda: «Biz gözel şäherimizde milli öwüşginli, taryhy hem-de medeni gymmatlyklary özünde jemleýän dürli desgalary döretmek ugrunda köp tagalla etdik we serişde gönükdirdik. Şoňa görä-de, Aşgabadyň keşbi, hakykatdan-da, onuň ýaşaýjylarynyň ýürekden söýgüsiniň janly mysalydyr» diýip belleýär. Aşgabadyň halkyň söýgüsinden we halal zähmetinden bina bolan birnäçe desgalarynyň binagärlik aýratynlygy boýunça Ginnesiň rekordlar kitabynda orun almagy munuň şeýledigini iş ýüzünde tassyklaýan hakyky maglumatdyr. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Gutlagynda bildirýän ynamyna görä, ak şäherimiz Aşgabat dünýä üçin abadançylygyň, ynsanperwerligiň we ösüş arkaly parahatçylygyň nusgalyk merkezine öwrülýär.

Pederlerden nesillere ýörelge

Halkymyzyň nesillere miras goýan milli baýlyklarynyň biri-de, ýagşy ýörelgelerdir. Erteki okamadyk, dessandyr rowaýat diňlemedik, megerem, ýok bolsa gerek. Edebi hem medeni miraslaryň özeninde bolsa, halkymyzyň bag-bakjaly tebigata bolan garaýşy Gün kimin lowurdap dur. Saýasyndan Gün geçmeýän baglaryň waspy halkymyzyň daşky gurşaw bilen gatnaşygynyň, tebigat bilen dostlugynyň beýanydyr. Şu ýylyň 22-nji maýynda hem hormatly Prezidentimiz halkymyzyň şol asylly ýörelgelerine eýerip, Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilen ählihalk ýowaryna gatnaşdy. Çünki daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljek nesiller üçin gorap saklamak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.

Ekologiýa diplomatiýasy dabaralanýar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 25-nji maýynda hormatly Prezidentimiziň BMG-niň gazylyp alynýan senagat boýunça ýokary derejeli ählumumy forumyna sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşmagy we halkara ähmiýetli teklipleri öňe sürmegi ýurdumyzyň bütin dünýäde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge örän jogapkärli çemeleşýändigine we toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, dünýäde iri serişde öndüriji ýurtlaryň biri bolan we bu ugurda öz jogapkärçiligine doly düşünýän Türkmenistan önümçilik maksatlary bilen daşky gurşawy goramak boýunça wezipeleriň arasynda deňeçerligi saklamak ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýar. Uglewodorod serişdeleri özleşdirilende, täze kärhanalar gurlanda, daşky gurşawy goramak, tokaý zolaklaryny döretmek we ösdürmek, çölleşmek meýline garşy çäreleri geçirmek hökmany zerur şertleriň hatarynda durýar. Şeýle hereketler BMG tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň ýurdumyzda ýokary derejede ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.

Milli kanunçylyk kämilleşdirilýär

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on dördünji maslahatynda il-ýurt bähbitli birnäçe täze kanunlaryň we hereket edýän milli kanunçylygyň namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegi göz öňünde tutýan resminamalaryň kabul edilmegi halkymyzyň baýramçylyk ruhuny joşdurdy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary tarapyndan «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda», «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýokary derejede bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny aýratyn many-mazmun bilen baýlaşdyrýar. Şanly sene mynasybetli bu hormatly sylaglara ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarynda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işinde uly üstünlikleri gazanan raýatlarymyz mynasyp bolarlar.

Döwrebap kanunlar kabul edilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe maşgala binýadynyň berkidilmegine, çaga terbiýesiniň kämil bolmagyna uly ähmiýet berilýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Ýaş nesillerimize mynasyp terbiýe bermek biziň üstünliklerimiziň gözbaşydyr. Şoňa görä-de, maşgala gymmatlyklaryna biz uly üns berýäris. Sebäbi ýaşlarymyzyň ýokary ahlak häsiýetleri şu gymmatlyklaryň esasynda kemala gelýär. Çagalarda milli buýsanjy, beýleki halklara, şeýle hem Garaşsyz döwletimiziň we jemgyýetimiziň gazanan üstünliklerine hormat goýmagy terbiýelemek maşgaladan başlanýar» diýip belledi. Ýurdumyzda maşgala gatnaşyklarynyň milli kanunçylygymyzdaky orny, kabul edilýän kanunçylyk namalary barada Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Hukuk kömegi müdirliginiň baş maslahatçysy, 1-nji derejeli ýurist Annagül TEJENOWA bilen söhbetdeş bolduk.

Parla, ýaşyl Baýdagym!

Garaşsyz Watanymyzyň baky berkararlygynyň kepili bolan mukaddes Tugumyz her bir türkmen raýaty üçin ezizdir. «Adam edebinden tanalar, ýurt — tugundan» diýlişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dünýäde uly abraýa, beýik ösüşlere eýe bolan döwletimiziň Baýdagy dünýäniň çar künjeginde erkana parlaýar. Ýaşyl Tugumyzdaky bakylygyň, dowamatyň nyşany hökmünde ykrar edilen zeýtun şahalarynyň keşbi hemişelik Bitaraplygymyzyň buşlukçysydyr.

Sagdyn durmuşda ýaşalyň

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz buýsançly gadamlar bilen öňe barýar. Bagtyýarlygyň, rowaçlygyň, asudalygyň höküm sürýän zamanasynda ilatyň saglygy we abadançylygy hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Milli Liderimiziň ýurdumyzda şu günki we geljekki nesillerimiziň saglygyna, sagdynlygyna, maşgala bitewüligine düýpli täsir edýän, türkmen jemgyýetine mahsus bolmadyk zyýanly endiklere garşy göreşmek babatdaky alyp barýan möhüm çözgütleri halkymyzyň arasynda uly goldaw tapýar. Esasan-da, bu ugurdaky göreşiň köpçülikleýin esasda alnyp barylmagy aýratyn häsiýete eýe bolmak bilen, özüniň oňyn netijesini berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda zyýanly endiklere garşy göreş berk kanunçylyk esasynda aýgytly alnyp barylýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda geçirýän her bir Döwlet howpsuzlyk geňeşinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň öňünde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, sagdyn nesli kemala getirmek maksady bilen möhüm wezipeler kesgitlenilip, bu ugurdaky geçirilmeli işleriň kanunçylyk esasynda alnyp barylmalydygy dogrusynda hem anyk tabşyryklary berýär.

Çaga hukuklarynyň milli we halkara sazlaşygy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň geljegi bolan çagalaryň edep-terbiýeli, watansöýüji, ynsanperwer, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmekleri hem-de eşretli durmuşda ýaşamaklary üçin giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler ýurdumyzda çaganyň hemmetaraplaýyn ösmeginiň üpjün edilmegine, belent ahlak sypatlarynyň terbiýelenmegine ýardam edýär. Döwlet Baştutanymyzyň milli kanunçylygy kämilleşdirmek, kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegini gazanmak boýunça alyp barýan işleri ýurdumyzyň her bir raýatynyň adalatly jemgyýetde ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň çaganyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, eneligi we çagalygy goldamak babatda BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini, körpe raýatlar üçin has oňaýly durmuş şertleriň döredilmegi bilen bagly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşýändigini aýratyn bellemek bolar. 2020-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň hem-de BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň arasynda gol çekilen meýilnamalaryň hatarynda BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen hyzmatdaşlyk etmegiň iş meýilna

Nesil terbiýesi — geljege şugla

Jemgyýetiň döwrebap özgermeginde şahsyýetiň orny we täsiri örän uludyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gül açýan eziz ýurdumyzyň geljegi bolan körpe nesliň döwrebap, kämil ahlak keşbini emele getirmek, babatda milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda köpugurly işler amala aşyrylýar. Çünki ahlakly, ýokary bilimli, giň düşünjeli nesiller ähli ugurlardaky oňyn özgertmeleriň hereketlendiriji güýji bolup çykyş edýär. Şonuň üçin hem ýaş nesliň ählitaraplaýyn terbiýesi jemgyýetde we döwletde bolup geçýän ähli zatlara gönüden-göni täsir edýän serişde hem-de güýç hökmünde ykrar edilýär. 1948-nji ýylyň 10-njy dekabryndaky Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasyna esaslanyp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1989-njy ýylyň 20-nji noýabrynda kabul edilen Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýasyna laýyklykda, çaga — bu dünýä inmezinden öň we soň ýörite goraga hem-de mähir-alada mätäç bolan, akyl we beden taýdan kemala gelmedik fiziki şahsdyr. 18 ýaşyna ýetmedik adamyň çaga hasaplanylýandygy üçin çagany goramaklygyň iň bir wajyp hukuk esaslary bu Halkara konwensiýasynda giňişleýin beýan edilýär. Onda çagany aýratyn söýgi we alada bilen gurşap alyp, daşky gurşawa, howpsuz zähmete, durmuş goraglylygyna bolan hukuklaryny amala aşyrmak bilen, onuň jemgyýetde we döwletde öz ornuny tapmagyna kömek etmek arkaly özbaşdak durmuşa gönükdirmek esasy maksat bolup durýar.

Käbäm, jan ejem

Hak nurundan eneleriň jemaly,Ömrüň uzak bolsun, käbäm, jan ejem!Gussaňy aýyrsyn şatlyk şemaly,Ömrüň uzak bolsun, käbäm, jan ejem! Elmydama meniň ýüregmi duýýaň,Öwüt-ündewlerňi kalbyma guýýaň,Hemişe gaýtalap-gaýtalap diýýän:«Ömrüň uzak bolsun, käbäm, jan ejem!»