Ajap sergi ak şäheriň şanyna

27 Maý 2021
1008

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýüregi bolan Aşgabatda «Ak şäherim Aşgabat» atly halkara köpugurly sergi ýigriminji gezek geçirildi. Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň bellenilmegi türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary üçin örän guwandyryjy we buýsandyryjy wakalaryň biridir. Gahryman Arkadagymyz bu ajaýyp sene mynasybetli türkmen halkyna ýollan Gutlagynda: «Biz gözel şäherimizde milli öwüşginli, taryhy hem-de medeni gymmatlyklary özünde jemleýän dürli desgalary döretmek ugrunda köp tagalla etdik we serişde gönükdirdik. Şoňa görä-de, Aşgabadyň keşbi, hakykatdan-da, onuň ýaşaýjylarynyň ýürekden söýgüsiniň janly mysalydyr» diýip belleýär. Aşgabadyň halkyň söýgüsinden we halal zähmetinden bina bolan birnäçe desgalarynyň binagärlik aýratynlygy boýunça Ginnesiň rekordlar kitabynda orun almagy munuň şeýledigini iş ýüzünde tassyklaýan hakyky maglumatdyr.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Gutlagynda bildirýän ynamyna görä, ak şäherimiz Aşgabat dünýä üçin abadançylygyň, ynsanperwerligiň we ösüş arkaly parahatçylygyň nusgalyk merkezine öwrülýär.

Halnazar NEPESOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.