Arkadagdan arkaly, il içinde sarpaly

27 Maý 2021
1008

Aşgabat şäheriniň häzirki ajaýyp derejesine ýetmeginde ýurdumyzyň her bir raýatynyň mynasyp paýy bar. Paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde, ykbalyny Aşgabada baglan we şäheriň ýokary sepgitlere ýetmegine uly goşant goşan watandaşlarymyzyň uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetleri sarpalandy. «Işleseň, il tanar» diýleni çyn.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda dürli pudaklarda göreldeli zähmet çekip, döredijiligi bilen adamlary ruhlandyrmakda goşan şahsy goşantlaryny hem-de Garaşsyz döwletimiziň, mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini, gazanan ýokary netijelerini we hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ildeşlerimiziň birtoparyna Türkmenistanyň döwlet sylaglary gowşuryldy.

Perman ÝALKAPOW,
Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi.