Döwrümiziň ýyl ýazgysy: zer çaýylan sahypalar

27 Maý 2021
990

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her bir günümiz taryhy wakalara, guwandyryjy netijelere, beýik ösüşlere, şanly senelere beslenip, taryhyň sahypalaryna ýazylýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz taryh üçin gözel paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň, döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýyly hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. Her bir günümiziň, hepdämiziň ýatdan çykmajak wakalara beslenip geçmegi durmuşymyza many, döwrümize şan berýär. Bu hepde hem il-ýurt bähbitli döwletli işlere, ýakymly pursatlara, ajaýyp wakalara baý boldy. Sebäbi bu hepde ak şäherimiz Aşgabadyň şanly senesiniň baýram edilen hepdesidir.

25-nji maýda hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli paýtagtymyzyň demirgazygynda «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumynyň düýbüni tutmak we iki gatly täze ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga bermek boýunça guralan dabaralara gatnaşdy. Umumy meýdany 744 gektar bolan bu ägirt uly toplum dürli maksatly binalardyr desgalaryň 240-dan gowragyny öz içine alyp, ýaşamak we dynç almak üçin ähli zerurlyklary üpjün edilen tutuş şäher düzümini emele getirer. Bu ýerde kaşaň, şol sanda has belent, ýagny 12 — 35 gatly, 107 müňden gowrak ilata niýetlenen, 17 müň 836 öýli, sekiz görnüşli 180 sany ýaşaýyş jaýyny gurmak meýilleşdirilýär. «Şäheriň içindäki şäher» diýlip atlandyrylan bu künjekde etrap häkimliginiňdir beýleki edara binalarynyň we durmuş ulgamyna degişli desgalaryň köp sanlysy gurlar. Düýpli maýa goýum serişdeleriniň hasabyna 1200 orunlyk dört sany çagalar bagy, 3000 orunlyk umumybilim berýän dört sany orta mekdep, Medeniýet öýi hem-de 5000 orunlyk stadionly sport toplumy bina ediler. Şeýle hem bu ýerde Türkmen milli konserwatoriýasynyň we ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdebiniň täze, döwrebap binalaryny, köpugurly hassahanany, iki sany Saglyk öýüni, şonça-da söwda-dynç alyş merkezini, dükanlardyr naharhanalary, toý mekanyny, köp gatly awtoduralgalaryň dördüsini, «Türkmenbaşy» we «Halkbank» döwlet täjirçilik banklarynyň şahamçalaryny gurmak göz öňünde tutulýar. «Aşgabat-siti» diýlip atlandyrylýan bu täzeçil mega-taslamada dünýä tejribesinde giňden ulanylýan şähergurluşyk çözgütleri we milli binagärlik ýörelgeleri öz beýanyny tapar. Ol ak mermerli Aşgabadyň dünýäde iň çalt ösýän döwrebap megapolis hökmünde ornuny has-da berkider. Ýeri gelende belläp geçsek, bu gurluşygyň ýokary derejesini üpjün etmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň Ministrler Kabinetiniň 24-nji maýda geçirilen giňişleýin mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, degişli Pudagara topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

«Adalat».