Jemgyýetiň döwrebap özgermeginde şahsyýetiň orny we täsiri örän uludyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gül açýan eziz ýurdumyzyň geljegi bolan körpe nesliň döwrebap, kämil ahlak keşbini emele getirmek, babatda milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda köpugurly işler amala aşyrylýar. Çünki ahlakly, ýokary bilimli, giň düşünjeli nesiller ähli ugurlardaky oňyn özgertmeleriň hereketlendiriji güýji bolup çykyş edýär. Şonuň üçin hem ýaş nesliň ählitaraplaýyn terbiýesi jemgyýetde we döwletde bolup geçýän ähli zatlara gönüden-göni täsir edýän serişde hem-de güýç hökmünde ykrar edilýär.
1948-nji ýylyň 10-njy dekabryndaky Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasyna esaslanyp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1989-njy ýylyň 20-nji noýabrynda kabul edilen Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýasyna laýyklykda, çaga — bu dünýä inmezinden öň we soň ýörite goraga hem-de mähir-alada mätäç bolan, akyl we beden taýdan kemala gelmedik fiziki şahsdyr. 18 ýaşyna ýetmedik adamyň çaga hasaplanylýandygy üçin çagany goramaklygyň iň bir wajyp hukuk esaslary bu Halkara konwensiýasynda giňişleýin beýan edilýär. Onda çagany aýratyn söýgi we alada bilen gurşap alyp, daşky gurşawa, howpsuz zähmete, durmuş goraglylygyna bolan hukuklaryny amala aşyrmak bilen, onuň jemgyýetde we döwletde öz ornuny tapmagyna kömek etmek arkaly özbaşdak durmuşa gönükdirmek esasy maksat bolup durýar.