"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Watançylyk ruhy we kämillik

Tebigat her bir ynsana akyl-paýhas, zehin, ukyp-başarnyk berýär. Akyl-paýhasyňy kämilleşdirmek, zehiniňi ýiteltmek, ukyp-başarnygyňy artdyrmak bolsa adamyň özüne bagly bolup durýar. Akyl-paýhasyny, zehinini, ukyp-başarnygyny özüniň zähmetsöýerligi, yhlasy bilen utgaşdyryp, döredijilige, şygyr ýazmak sungatyna ugrukdyryp bilýän çagalardyr ýaşlar bolsa hemişe guwandyrýar. Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabynda: «Ýiti akyly bolan, pähimli oýlanmagy başarýan nesiller döwrüň zerurlygyna aýdyň düşünip bilýärler.

Arkadag

Ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!»,Dünýä dolýar Arkadagyň şöhraty.Bagtyýarlyk bize gujak açandyr,Dünýä dolýar Arkadagyň şöhraty. Ylhamymyz gözbaş alýar sabadan,Şäher-kentler, obalarmyz owadan,Watanymyz berkarar hem abadan,Dünýä dolýar Arkadagyň şöhraty.

Toýlanýar toýlaryň seresi

Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň ýurdumyzda giň gerim alýandygynyň güwäsi bolup, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her bir güni täze ösüşlere, özgertmelere beslenýär. Biz munuň şeýledigini eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk dabaralarynyň, uludan toýlanylan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Wagt taryhyň gatlaryna täze-täze ösüşleri, ýetilen sepgitleri altyn harplar bilen ýazyp, ynsan ömrüniň manysy-maňzy bolup durmuşymyzy bezeýär. Geçip barýan her bir gün täze ýetilen sepgitleri buşlap, öňdäki ýeňişli menziller barada ýatladyp barýar. Ýurdumyzyň Esasy Kanuny türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen çäklenmän, eýsem, olary has-da pugtalandyrdy. Döwletimiziň mizemez hukuk binýady bolan Konstitusiýamyz halkymyzyň agzybirlik, demokratiýa, watançylyk we adalatlylyk hakyndaky köpasyrlyk arzuwlaryny özünde jemleýär. Ýaşyl ýazlara meňzeş ýaşaýşyň hem ýagşylygyň, berkararlygyň hem gülläp ösüşiň nyşany bolan Döwlet baýdagymyz bolsa halkymyzyň buýsanjy, täze ösüşleriň buşlukçysy. 18-nji maýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak dabarasynyň guralmagy hem ýurdumyzyň Esasy Kanunyna we ýaşyl Tugumyza goýla

Aşgabat — ösüşleriň merkezi

XXI asyryň 21-nji ýylynda ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly toýunyň, Birleşen Milletler Guramasynyň bolsa jahan içre ykrar edilen milli Liderimiziň başlangyjy esasynda, şu ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmeginiň, paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň bellenilýän ýylyna gabat gelmeginde parahatçylykly ösüşi dabaralandyrýan simwoliki many bar. Döwlet Baştutanymyzyň bu baýramy döwlet derejesinde bellemek başlangyjy bolsa watansöýüjiligiň nusgalyk beýany. Watan mukaddesligini ebedileşdirýän işleri amal etmek, köňül içre Watan buýsanjynyň joşup durmagy ynsan kalbynda kanagatlanma döredýär. Alym Arkadagymyzyň şanly toý mynasybetli ýazan «Ak şäherim Aşgabat» atly kitaby bolsa parahatçylygy we ynsanperwerligi ýaýýan dürdäne paýhasyň datly miwesi.

Paýtagtymyzyň hukuk binýady

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda gözel paýtagtymyz Aşgabat ýurdumyzyň we tutuş sebitiň syýasy-ykdysady, medeni-durmuş taýdan ösen şäheri, parahatçylygyň, ynanyşmagyň, asudalygyň, dost-doganlygyň mekany hökmünde tanalýar we ykrar edilýär. Ýurdumyzyň paýtagt şäheri hökmünde Aşgabadyň hukuk ýagdaýy degişli kadalaşdyryjy hukuk namalarda öz beýanyny tapýar. Esasy Kanunymyzyň 24-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheridir. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny paýtagtyň hukuk ýagdaýyny kesgitleýär we Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň paýtagtynyň wezipelerini amala aşyrmagynyň hukuk, guramaçylyk we ykdysady şertlerini berkidýär. Garaşsyz Türkmenistanyň paýtagty hökmünde Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Rezidensiýasy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalary, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralar, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalary, konsullyk edaralary we halkara guramalarynyň wekilhanalary ýerleşýär.

Watanymyzyň ýüregi

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gözel paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň ýene bir täze «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň halkymyza gowşurylmagy biziň her birimiziň başymyzy göge ýetirdi, toý sowgady bolup göwnümizi galkyndyrdy. Bu ajaýyp esere halkymyzyň kalbynyň küýsän eseri diýip arkaýyn aýdyp bileris. Milli Liderimiziň ajaýyp kitabynda paýtagtymyzy ösdürmekde gazanylýan üstünlikler hakynda köp maglumatlar getirilýär. Kitaby okap çykan her bir adam hormatly Prezidentimiziň häzirki zamanyň ösen şähergurluşyk ylymlaryndan baş çykaryp, iň täsin taslamalary hem ýokary netijelilik bilen durmuşa geçirmek ussatlygyna göz ýetirýär. Onda häzirki zamanyň gurluşyk, inženerçilik işleri, hyzmatlar ulgamy babatdaky täze düşünjeler hem öz beýanyny tapýar.

Arkadagyň ylham köşgi — Aşgabat

Türkmenistan döwletimiziň paýtagty Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň şanly 140 ýyllyk baýramçylygynyň giňden bellenilýän günlerinde mähriban halkymyza çuňňur pähim-parasada ýugrulan täze eserleri peşgeş berip, bagtyýarlygyň gujagyna atarýan Gahryman Arkadagymyzyň «Ak şäherim Aşgabat» atly eseriniň elimize gowuşmagy buýsançly köňüllerimizi şatlyga besledi. Gahryman Arkadagymyzyň dana paýhasyndan döräp, pelsepe dünýäsinde eýlenen, 6 bölümden ybarat «Ak şäherim Aşgabat» atly eseri biziň baky berkarar Diýarymyzyň, göreni haýran edýän paýtagtymyzyň binagärlik merjenleriniň, eşretlere eýlenen zamanamyzyň, mizemez döwletimiziň müdimilik binýadyna öwrülen mukaddes ýörelgelerimiziň, dünýä nusgalyk medeni baýlyklarymyzyň belent waspydyr. Kitabyň her bir jümlesi okyjynyň kalbyny ganatlandyrýar, ýaşaýşa söýgini bagyş edýär, döredijilikli, halal zähmete ruhlandyrýar.

Döwre buýsanç - zähmete hyjuw

Ýeňişlere beslenen ajaýyp şäher Görenleri haýran galdyrýan ak mermere bürenen kaşaň ymaratlar, aýna ýaly tämiz giň şaýollar, gök öwsüp oturan baglar, hoşboý ysly güller, ýadygärlik we seýilgäh toplumlary, suw çüwdürimleri, adamlaryň şadyýanlygy, bagtyýarlygy, milliligiň we döwrebaplygyň ajaýyp sazlaşygy — bularyň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň paýhas-parasadynyň ajaýyp miwesi paýtagtymyz Aşgabatda jemlenendir. Merkezi Aziýanyň merjenine öwrülen türkmen paýtagtynyň dünýä derejesinde ykrar edilmegi her bir raýatymyzyň kalbyndaky buýsanç duýgularyny joşdurýar.

Seýran etsem köçeleriňe Aşgabat!

Gojaman Köpetdagy etekläp oturan Watanymyzyň ýüregi bolan paýtagtymyzyň ajaýyp keşbinde türkmen döwletimiziň buýsançly taryhy, häzirki Bitaraplyk döwri, nurana geljegi hakynda söz açylýar. Aşgabadyň owadanlygy türkmeniň binagärlik keşbine özboluşly gözellik çaýyp, onuň islendik künjegi ynsanlarda ýakymly täsir galdyrýar. Sebäbi Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Aşgabady ösdürmek boýunça köp işler edildi. Toý lybasyny geýnen paýtagtymyzyň bütinleý durky täzelenen giň hem owadan köçeleri barada söhbet etmek bolsa has hem ýakymly. Ir säherden işe ýa-da dürli maksatlar bilen ýola çykanyňda, köçeleriň owadanlygyny synlap, şahyr Geldi Bäşiýewiň sözlerine aýdylýan «Aşgabat» hakyndaky ajaýyp aýdymyň zybanyňa gelenini duýman galýarsyň. Seýran etsem köçeleriňe Aşgabat,Sallanyşýan gelin-gyzlaryň bardyr.Köňüller mülküniň baky köşgi abat,Säherler ýaňlanýan sazlaryň bardyr.

Aziýanyň merjeni

Her bir ýurduň ady agzalanda, ilki bilen, göz öňüňde onuň paýtagty janlanýar. Türkmenistan diýleninde bolsa, Merkezi Aziýanyň merjeni hökmünde ykrar edilen, ak mermere beslenen binalara baý şäher — gözel paýtagtymyz Aşgabat göz öňüňe gelýär. Esasy Kanunymyzyň 24-nji maddasynda bellenilişi ýaly: «Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheridir», paýtagtymyzyň hukuk ýagdaýy bolsa «Türkmenistanyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen kesgitlenýär. Aşgabadyň her biri gaýtalanmajak sungat eserini ýadyňa salýan, kaşaň, özboluşly binagärlik aýratynlyklary bilen tapawutlanýan, başy asmana ýetýän binalaryny görmäge göz gerek. Gahryman Arkadagymyzyň irginsiz zähmetiniň netijesinde Aşgabat dünýäniň ýaşaýyş üçin amatly şertlerini özünde jemleýän şäherleriň hatarynda mynasyp orun aldy. Häzir paýtagtymyz Aşgabat diňe bir ýurdumyzyň syýasy-ykdysady hem medeni merkezi bolman, eýsem, halkara derejeli maslahatlaryň, forumlaryň, sergileriň, sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň 2013-nji ýylyň 25-nji maýyndaky Permany bilen, Aşgabat şäheriniň gününiň döredilmegi netijesinde, bu sene her ýylyň 25-nji maýynda umumy milli baýramçylyk hökmünde bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda ak mermerli Aşgabat özüniň esaslandyrylmagynyň 140 ýylly

Şäherimiziň ajaýyp gözellikleri

Aşgabat — aşyklaryň, söýginiň, gözelligiň şäheri. Geçmişine ser salanymyzda, ady söýgi bilen baglanyşdyrylan Aşgabadymyzyň islendik künjegine baryp, onuň gözelliklerini synlanyňda, barlyga, ýaşaýşa, söýgä ýugrulan binalara gözüň düşýär. Ak mermerli Aşgabadyň barha özgerýän nurana keşbi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek barada edýän taýsyz tagallalaryndan, döwletli tutumlaryndan gözbaş alýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ak şäherimiziň binagärlik keşbi özgerýär, gözelleşýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň gerimli, depginli ösüşleri bilen dünýäni haýran galdyrýan Aşgabada gezelenç edeniňde, hormatly Prezidentimiziň gysga döwürde bitiren beýik işlerine bolan buýsanjyň artýar. Aşgabadyň desgalary, daş-töweregi, döwrebap abadanlaşdyrylan binalary, suw çüwdürimlerine beslenen seýilgähler, ýaşyl zolaklar özara sazlaşygyň ajaýyp nusgasyny kemala getirip, paýtagtymyzyň gözelligini artdyrýar.

Hormatly Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary!

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda raýatlarymyzyň saglygy hakynda edilýän aladalar döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda her bir adamyň mynasyp dynç almagy, saglygyny berkitmegi, sport bilen meşgullanmagy, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şonuň bilen birlikde hem döwletimizde ekologiýa abadançylygy Gahryman Arkadagymyzyň baş taglymatlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen bütin dünýäde bolşy ýaly, mähriban Diýarymyzda hem köpçülikleýin welosipedli ýörişler eýýäm däbe öwrüldi. Munuň özi diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde türkmen Lideri tarapyndan öňe sürülýän ýörelgeleriň, adam saglygy hakynda edilýän aladalaryň, şeýle hem dünýä ýüzünde ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak baradaky tagallalaryň giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Aşgabadyň agşamy

Asuda, abadanlyk,Aşgabadyň agşamy.Kalba bagş eder şatlyk,Aşgabadyň agşamy. Arkadagy, Gerçegi,Nura beslär geljegi,Aziýanyň merjeni,Aşgabadyň agşamy.

Bagt şäheri

Kuýaşyň nuruna ýuwnan binalaň,Zemine görk berýär göni hatary.Seýl etmäge läle-reýhan gujagyň,Iliň bagty bolup daňy atanym. Paýtagty sen,                        Bagta çümen ýurdumyň,Jygasy sen, Güni dogan ülkämiň.Çagalaryň gülküsine gark bolan,Merjene deňelen bahasyz känim.

Aşgabat

Säher seýle çykyp, keşbiň synladym,Ak meňiz görküňe juwan ýaş kybap.Göýä bagtyň suraty seň zynatyň,Ýüz kyrk ýaşy arka atan, Aşgabat. Wasp edeýin diýip ezizligiňi,Hakydamy dörüp çykdym atma-at,Bildim gözellige gönezligiňi,Saňa gadam basan günüm, Aşgabat.

Arkadagyň Aşgabadym hakyndaky eseri

Diýarymyň şöhratyny ýazýar taryh gatyna,Arkadagyň Aşgabadym hakyndaky eseri.Many gatýar paýtagtymyň her bir ymaratyna,Arkadagyň Aşgabadym hakyndaky eseri. Bu gün baýram joşgunynda Jeýhun-Hazar arasy,Göýä bizde bina bolmuş Älemiň toýhanasy,Şäher gurmak sungatynyň ebedilik namasy,Arkadagyň Aşgabadym hakyndaky eseri.

Öwrenjegiň çynyň bolsa...

Ir döwürlerde Bahaweddin Nagyşbendiniň ýanyna şägirtlige höwesek ýaşlar örän köp gelipdir. Olaryň ählisiniň maksady ussadyň şägirdi bolmak, edep-terbiýe, ylym-bilim almak bolupdyr. Nagyşbendi şägirtlige gelen her bir dalaşgärden ylym-bilim almazdan ozal, haýsy hünäriň hötdesinden gelýändigini soraýan eken. «Haýsy hünärden başyň çykýar?», «Nähili işleri başarýaň?» diýen mazmunly sowallara jogap bermek şägirtlige kabul edilmegiň ilkinji şertleri eken. Ol islendik bir hünärden başy çykýan dalaşgärleri şägirtlige kabul edipdir. Hiç bir zähmet görmedik dalaşgärlere bolsa: «Ylym öwrenjekligiň çynyň bolsa, bar bir hünär öwren. Zähmetiň tagamyny datmadyk, ylmyň hötdesinden gelmez. Her kim ylma taýýarlykly gelmelidir, ylymda üstünlik gazanmak üçin halal zähmet ähli zatdan ähmiýetlidir» diýip, yzyna ugradar eken. ***

Toý şatlygy bilen joşýar aşgabat

Bagtyýarlyk döwründe şanly 140 ýyllyk toýuny belleýän ýurdumyzyň paýtagty medeniýetiň, sungatyň, bedenterbiýe-köpçülikleýin çäreleriniň geçirilýän merkezine öwrülýär. Muňa baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzyň gözel künjeklerinde guralýan dabaralar hem şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda gözel şäherimiziň ajaýyp toýuna ähli pudaklar öz mynasyp toý sowgatlary bilen gelýärler. Ýeri gelende bellesek, Gahryman Arkadagymyz bu toýa özüniň gymmatly sowgadyny — «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabyny peşgeş berdi. Milli Liderimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitaby ýurdumyzyň baş şäheriniň şöhratly taryhyna, şu gününe we gazanýan üstünliklerine, eýeleýän belent sepgitlerine bagyşlanýar. 8-nji maýda paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşen «Ak şäherim Aşgabat» binasynyň ýanynda Gurluşyk we senagat toplumynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň guramagynda milli Liderimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara gatnaşyjylar Aşgabadyň 140 ýyllygynyň öň ýanynda türkmenistanlylara şeýle ajaýyp kitaby peşgeş berendigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, mundan beýläk-de döredijilik üstünliklerini arzuw etdiler.

Kämil hukuk binýady

Ýurdumyz taryhy ösüşiniň häzirki döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda röwşen geljege, dünýäniň ähli ýurtlarynyň hem-de halklarynyň ösüşiniň bähbidine ykbal çözüji başlangyçlaryny durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň fewral aýynda Mejlisiň deputatlar düzümi bilen duşuşygynda eden maksatnamalaýyn çykyşy durmuşyň ähli meselelerini öz içine almak bilen bir hatarda, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça deputatlaryň öňünde anyk wezipeleri goýdy.

Agzybirligiň, asudalygyň, jebisligiň esasy

Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň parasatly, öňdengörüjilikli, ynsanperwer syýasaty netijesinde jemgyýetimiziň we döwletimiziň demokratik ýörelgelerini hem-de hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, her bir raýatyň syýasy, ykdysady, durmuş hukuklaryny üpjün etmek ýokary derejede amala aşyrylýar. Bu işler halkymyzyň asylly däpleriniň umumy ykrar edilen halkara ýörelgeleri bilen sazlaşygynda alnyp barylýar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy — bu türkmen halkynyň agzybirliginiň, jebisliginiň, ýurt asudalygynyň nyşanydyr. Al-asmanda pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz — bu ata Watanymyzyň, ene topragymyzyň ezizligini, mähribanlygyny, elmydama goraglylygyny alamatlandyrýar. Şu ýyl türkmen halky agzybirlikde, asudalykda we bagtyýarlykda, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýuny, gözel Aşgabadymyzyň 140 ýyllyk şanly senesiniň baýramçylygyny dabaraly belleýär. Ýurdumyz döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soň, ýagny 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýus