Bagtyýarlyk döwründe şanly 140 ýyllyk toýuny belleýän ýurdumyzyň paýtagty medeniýetiň, sungatyň, bedenterbiýe-köpçülikleýin çäreleriniň geçirilýän merkezine öwrülýär. Muňa baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzyň gözel künjeklerinde guralýan dabaralar hem şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda gözel şäherimiziň ajaýyp toýuna ähli pudaklar öz mynasyp toý sowgatlary bilen gelýärler. Ýeri gelende bellesek, Gahryman Arkadagymyz bu toýa özüniň gymmatly sowgadyny — «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabyny peşgeş berdi. Milli Liderimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitaby ýurdumyzyň baş şäheriniň şöhratly taryhyna, şu gününe we gazanýan üstünliklerine, eýeleýän belent sepgitlerine bagyşlanýar.
8-nji maýda paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşen «Ak şäherim Aşgabat» binasynyň ýanynda Gurluşyk we senagat toplumynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň guramagynda milli Liderimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara gatnaşyjylar Aşgabadyň 140 ýyllygynyň öň ýanynda türkmenistanlylara şeýle ajaýyp kitaby peşgeş berendigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, mundan beýläk-de döredijilik üstünliklerini arzuw etdiler.