Gojaman Köpetdagy etekläp oturan Watanymyzyň ýüregi bolan paýtagtymyzyň ajaýyp keşbinde türkmen döwletimiziň buýsançly taryhy, häzirki Bitaraplyk döwri, nurana geljegi hakynda söz açylýar. Aşgabadyň owadanlygy türkmeniň binagärlik keşbine özboluşly gözellik çaýyp, onuň islendik künjegi ynsanlarda ýakymly täsir galdyrýar. Sebäbi Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Aşgabady ösdürmek boýunça köp işler edildi. Toý lybasyny geýnen paýtagtymyzyň bütinleý durky täzelenen giň hem owadan köçeleri barada söhbet etmek bolsa has hem ýakymly. Ir säherden işe ýa-da dürli maksatlar bilen ýola çykanyňda, köçeleriň owadanlygyny synlap, şahyr Geldi Bäşiýewiň sözlerine aýdylýan «Aşgabat» hakyndaky ajaýyp aýdymyň zybanyňa gelenini duýman galýarsyň.
Seýran etsem köçeleriňe Aşgabat,
Sallanyşýan gelin-gyzlaryň bardyr.
Köňüller mülküniň baky köşgi abat,
Säherler ýaňlanýan sazlaryň bardyr.