Toýlanýar toýlaryň seresi

20 Maý 2021
864

Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň ýurdumyzda giň gerim alýandygynyň güwäsi bolup, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her bir güni täze ösüşlere, özgertmelere beslenýär. Biz munuň şeýledigini eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk dabaralarynyň, uludan toýlanylan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris.

Wagt taryhyň gatlaryna täze-täze ösüşleri, ýetilen sepgitleri altyn harplar bilen ýazyp, ynsan ömrüniň manysy-maňzy bolup durmuşymyzy bezeýär. Geçip barýan her bir gün täze ýetilen sepgitleri buşlap, öňdäki ýeňişli menziller barada ýatladyp barýar. Ýurdumyzyň Esasy Kanuny türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen çäklenmän, eýsem, olary has-da pugtalandyrdy. Döwletimiziň mizemez hukuk binýady bolan Konstitusiýamyz halkymyzyň agzybirlik, demokratiýa, watançylyk we adalatlylyk hakyndaky köpasyrlyk arzuwlaryny özünde jemleýär. Ýaşyl ýazlara meňzeş ýaşaýşyň hem ýagşylygyň, berkararlygyň hem gülläp ösüşiň nyşany bolan Döwlet baýdagymyz bolsa halkymyzyň buýsanjy, täze ösüşleriň buşlukçysy. 18-nji maýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak dabarasynyň guralmagy hem ýurdumyzyň Esasy Kanunyna we ýaşyl Tugumyza goýlan uly sarpadan nyşandyr.

«Adalat».