«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gözel paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň ýene bir täze «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň halkymyza gowşurylmagy biziň her birimiziň başymyzy göge ýetirdi, toý sowgady bolup göwnümizi galkyndyrdy.
Bu ajaýyp esere halkymyzyň kalbynyň küýsän eseri diýip arkaýyn aýdyp bileris. Milli Liderimiziň ajaýyp kitabynda paýtagtymyzy ösdürmekde gazanylýan üstünlikler hakynda köp maglumatlar getirilýär. Kitaby okap çykan her bir adam hormatly Prezidentimiziň häzirki zamanyň ösen şähergurluşyk ylymlaryndan baş çykaryp, iň täsin taslamalary hem ýokary netijelilik bilen durmuşa geçirmek ussatlygyna göz ýetirýär. Onda häzirki zamanyň gurluşyk, inženerçilik işleri, hyzmatlar ulgamy babatdaky täze düşünjeler hem öz beýanyny tapýar.