Aşgabat — aşyklaryň, söýginiň, gözelligiň şäheri. Geçmişine ser salanymyzda, ady söýgi bilen baglanyşdyrylan Aşgabadymyzyň islendik künjegine baryp, onuň gözelliklerini synlanyňda, barlyga, ýaşaýşa, söýgä ýugrulan binalara gözüň düşýär. Ak mermerli Aşgabadyň barha özgerýän nurana keşbi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek barada edýän taýsyz tagallalaryndan, döwletli tutumlaryndan gözbaş alýar.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ak şäherimiziň binagärlik keşbi özgerýär, gözelleşýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň gerimli, depginli ösüşleri bilen dünýäni haýran galdyrýan Aşgabada gezelenç edeniňde, hormatly Prezidentimiziň gysga döwürde bitiren beýik işlerine bolan buýsanjyň artýar. Aşgabadyň desgalary, daş-töweregi, döwrebap abadanlaşdyrylan binalary, suw çüwdürimlerine beslenen seýilgähler, ýaşyl zolaklar özara sazlaşygyň ajaýyp nusgasyny kemala getirip, paýtagtymyzyň gözelligini artdyrýar.