Ýurdumyz taryhy ösüşiniň häzirki döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda röwşen geljege, dünýäniň ähli ýurtlarynyň hem-de halklarynyň ösüşiniň bähbidine ykbal çözüji başlangyçlaryny durmuşa geçirýär.
Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň fewral aýynda Mejlisiň deputatlar düzümi bilen duşuşygynda eden maksatnamalaýyn çykyşy durmuşyň ähli meselelerini öz içine almak bilen bir hatarda, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça deputatlaryň öňünde anyk wezipeleri goýdy.