Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda gözel paýtagtymyz Aşgabat ýurdumyzyň we tutuş sebitiň syýasy-ykdysady, medeni-durmuş taýdan ösen şäheri, parahatçylygyň, ynanyşmagyň, asudalygyň, dost-doganlygyň mekany hökmünde tanalýar we ykrar edilýär. Ýurdumyzyň paýtagt şäheri hökmünde Aşgabadyň hukuk ýagdaýy degişli kadalaşdyryjy hukuk namalarda öz beýanyny tapýar.
Esasy Kanunymyzyň 24-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheridir. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny paýtagtyň hukuk ýagdaýyny kesgitleýär we Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň paýtagtynyň wezipelerini amala aşyrmagynyň hukuk, guramaçylyk we ykdysady şertlerini berkidýär. Garaşsyz Türkmenistanyň paýtagty hökmünde Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Rezidensiýasy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalary, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralar, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalary, konsullyk edaralary we halkara guramalarynyň wekilhanalary ýerleşýär.