Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy: halka daýanyp, halkyň hatyrasyna» atly taryhy makalasynda: «Häzirki zaman jemgyýeti hakyky gymmatlyklaryň baýlyklarda däl-de, eýsem, adamlardadygyny, olaryň bilimindedigini, hünär derejesindedigini we zähmetiniň netijesindedigini görkezýär» diýip, şu güniň we geljegiň aýdyň ýoluny görkezýär. Esasy Kanunymyzyň 4-nji maddasynda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir» diýlip berkidilen.
2021-nji ýylyň 14-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisinde Halk Maslahatynyň agzalarynyň öňünde örän uly wezipeleriň durýandygyna ünsi çekmek bilen: «Halk Maslahatynyň agzalary raýatlaryň Esasy Kanunymyzda beýan edilen hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça degişli işleri geçirmelidirler. Döwletimiziň adam hukuklaryny goramak boýunça alyp barýan ynsanperwer syýasatyny kanunçylyk taýdan üpjün etmelidirler. Biziň döwletimiziň kanunçylyk binýadyny halkara hukugyň adam hukuklaryny düzgünleşdirýän kadalary esasynda mundan beýläk-de kämilleşdirmelidirler» diýip nygtady.