Ýakynda «Watan» habarlar gepleşiginde Milli Geňeşiň Mejlisiniň, Medeniýet ministrliginiň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, ak şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Ýürek mähri siňen sungat» atly dabaraly maslahatda hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň 50 ýyl mundan öň tiken hem-de ussatlyk bilen keşdelän kürtesini, ören gülli jorabyny Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň döwlet muzeýine sowgat berendigi baradaky şatlykly habar kalplarymyzy buýsanja besledi.
«Paýhas çeşmesi» atly kitapda «El görki hünär», «Hünär eýesini eziz eder» diýlişi ýaly, Ogulabat ejäniň ýürek mährini siňdirip, sünnäläp tiken kürtesi ene-mamalarymyzyň asyrlar aşyp gelen dünýä belli keşdeçilik sungatynyň ajaýyp nusgasydyr. Munuň özi halkymyzyň bagtyna ak Gün bolup dogan milli Liderimizi dünýä beren, halkymyzyň howandary, milletimiziň Arkadagy edip terbiýelän mähriban Ogulabat enemize bolan beýik hormatymyzy barha belende göterýär. Bagtyýarlyk döwrümiziň harby zenanlary bolan biz milli mirasymyzy aýap saklamakda hem-de iňňän inçe çeper el işlerini ýaş nesillere geçirmekde nusgalyk işleri bitirýän Ogulabat ejäniň beýik sungatynyň öňünde tagzym edip, baş egýäris.