Garaşsyz Watanymyzyň baky berkararlygynyň kepili bolan mukaddes Tugumyz her bir türkmen raýaty üçin ezizdir.
«Adam edebinden tanalar, ýurt — tugundan» diýlişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dünýäde uly abraýa, beýik ösüşlere eýe bolan döwletimiziň Baýdagy dünýäniň çar künjeginde erkana parlaýar. Ýaşyl Tugumyzdaky bakylygyň, dowamatyň nyşany hökmünde ykrar edilen zeýtun şahalarynyň keşbi hemişelik Bitaraplygymyzyň buşlukçysydyr.