Çagalaryň goragynyň kanunçylyk esaslary

24 Iýun 2021
2291

Ýurdumyzyň röwşen geljeginiň binýadyny tutjak edepli, terbiýeli, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn ruhly ýaşlary kemala getirmek her bir adamyň öňünde durýan esasy wezipedir. Döwletimizde çagalaryň hukuk goragyna degişli kanunçylygy kämilleşdirmäge we halkara kadalaryna laýyk getirmäge aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda döwletimizde çagany goramak, olaryň hemmetaraplaýyn ösmegini gazanmak, saglygyny gorap saklamak, olary özbaşdak durmuşa we zähmete taýýarlamak bilen bir hatarda, maddy we durmuş ýeňillikleriniň ygtybarly hukuk, durmuş kepillikleri döredilýär.
Ýurdumyzda «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin hereketleriniň Milli meýilnamasy» we ondaky çäreler giň gerim bilen durmuşa geçirilýär. Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllary içinde Birleşen Milletler Guramasy bilen örän netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Türkmenistan BMG-niň Çagalar gaznasy bilen köp ýyllardan bäri hyzmatdaşlyk etmek bilen enäniň, çaganyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, wagyz etmek bu babatda milli kanunçylygy halkara talaplarynyň derejesine ýetirmek boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklary giňden alyp barýar. Türkmenistan BMG-niň çagalar babatynda kabul eden resminamalarynyň onlarçasyna gatnaşýar. Olaryň hatarynda Çagalaryň diri galmagyny, goralmagyny we ösmegini üpjün etmek hakyndaky bütindünýä Jarnamasyny, Çagalaryň halkara ogurlanmagynyň raýat jähetleri boýunça Gaaga Konwensiýasyny, Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyny we başga-da birnäçe konwensiýalary görkezmek bolar. 
1994-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistan BMG-niň «Çaganyň hukuklary hakyndaky» Konwensiýasyny tassyklady. Bu Konwensiýa dünýäniň ähli çagalarynyň adam hukuklarynyň esaslaryny öz içine jemleýär. Konwensiýa çaganyň dürli hukuklaryny — raýat, syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryny berkidýär. 
Şeýle hem Türkmenistan 2010-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Halkara zähmet guramasynyň «Çaga zähmetiniň iň agyr görnüşlerini gadagan etmek we aradan aýyrmak hakynda» Konwensiýasyny tassyklady. Görkezilen resminamalara laýyklykda, Türkmenistan öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, çaganyň hukuklaryny goramak üçin zerur bolan kanunçylyk we administratiw çärelerini görýär, halkara hukugynyň bu ugurdaky umumy ykrar edilen kadalaryny milli kanunçylygymyza ornaşdyrýar. 
Çaganyň hukuklarynyň berjaý edilmegi milli kanunçylygyň möhüm ugry bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Çagalaryň durmuş goraglylygynyň döwlet syýasaty ýurduň kanunçylygyna, bu ugurda kabul edilýän döwlet maksatnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar. Milli kanunçylygymyzda çagalygy we eneligi goramak meselesine uly üns berilýär. Muňa mysal hökmünde «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda», «Bilim hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda», «Hossarlyk we howandarlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny, Türkmenistanyň Raýat kodeksini, Türkmenistanyň Zähmet kodeksini, Türkmenistanyň Maşgala kodeksini, Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksini we beýleki birnäçe hukuk namalaryny aýtmak bolar. Hususan-da, Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 12-nji babynyň tutuşlaýyn çagalaryň hukuklaryna bagyşlanmagy Türkmenistanyň öz milli kanunçylygyny halkara hukuk kadalaryna laýyk getirmek hem-de öz üstüne alan borçnamalaryna eýermek işinde uly ädim boldy. 
 Türkmenistanda çagalaryň durmuş goraglylygynyň hukuk binýadyny kämilleşdirmekde 2014-nji ýylyň 3-nji maýynda kabul edilen «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň ähmiýeti has bellärliklidir. Bu Kanun çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy çygryndaky döwlet syýasatynyň hukuk, durmuş, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Çaganyň özbaşdak şahsyýet hökmündäki hukuk derejesini takyklaýar we onuň hemmetaraplaýyn ösmeginiň üpjün edilmegine, onda belent ahlak sypatlarynyň terbiýelenmegine, onuň taryhy we milli däp-dessurlara, umumadamzat ruhy-ahlak, medeni hem durmuş gymmatlyklaryna, jemgyýetde kabul edilen ahlak ýörelgelere, düzgünlere, kadalara, jemgyýetçilik we döwlet bähbitlerine hormat goýmagy esasynda watansöýüjilik we raýatlyk ruhunda terbiýelenmegine gönükdirilendir. Şeýlelik bilen biziň döwletimiz halkara hukuk kadalary bilen doly utgaşdyrylan çagalaryň hukuk goragyny netijeli üpjün edýän döwrebap kanunçylyk ulgamyny kemala getirdi. 
Ýaş nesliň edep-terbiýe, döwrebap bilim almagy ugrunda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, umumadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Jennet ÖWEKOWA
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.