Watanperwerligiň waspçysy

24 Iýun 2021
3740

Türkmen halkynyň buýsanarlyk taryhy bar. Diýmek, şeýle şan-şöhratly taryhyň döremegine sebäp bolan beýik şahsyýetleri-de kän. Türkmen nusgawy edebiýaty arkaly ynsan aň-düşünjesiniň kämilleşmeginde we baýlaşmagynda uly hyzmatlary bitirip, watançylyk ruhly söz gudratyny döreden akyldar şahyrlarymyzyň biri hem Magtymguly Pyragydyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesli terbiýelemekde türkmen halkynyň taryhyny, ruhy dünýäsini bilmekde Magtymgulynyň eserleri gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň watançylyk, agzybirlik, jebislik ýaly ugurlar boýunça öňe süren sagdyn pikirleriniň döwründe mynasyp beýanyny tapandygyna bu gün bütin dünýä göz ýetirýär. 
Hormatly Prezidentimiz özüniň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly ajaýyp eserinde Magtymgulynyň döredijiligindäki öňe sürülýän watançylyk waspy barada: «Türkmen topragynyñ hakyky watançysy, joşgunly waspçysy Magtymguly Pyragynyñ şygyrlary jemgyýetimiziñ ruhy kämilligine, ahlak sagdynlygyna hyzmat edýär, halkymyzyñ watansöýüjiligini, erkinligini, bitewüligini, agzybirligini, ýokary adamkärçilik sypatlaryny wasp edýän belent aýdym bolup ýañlanýar» diýip, uly hormat bilen belleýär. 
Şahyryň döredijiliginiň özeni watançylyk söýgüsinden başlanýar. Onuň watansöýüjilik, halallyk, pespällilik, adamkärçilik duýgulary bilen bezelen çuň many-mazmunly eserleri halkymyzyň ruhy baýlygy bolup, türkmen nusgawy edebiýatymyzyň genji-hazynasyna öwrüldi. Magtymguly Pyragynyň giň mazmunly, ajaýyp pikirlere baý şygyrlary adamzat jemgyýetini watansöýüjilige, agzybirlige, ruhubelentlige, mertlige, edermenlige ar-namyslylyga, halallyga, adamkärçilige, dost-doganlyga çagyrýar. Bu şygyrlar adamzat jemgyýetiniň ähli döwürlerinde hem terbiýeçilik ähmiýetini ýetirmän gelipdir. Şahyryň çuň mazmuna ýugrulan goşgulary türkmen halkynyň ruhubelentligine we ruhy-ahlak arassalygyna oňyn täsir edýär.
Watanyň gadyryny sorajak bolsaň, ondan jyda düşenden soramaly. Sebäbi olara ynsanyň iň gymmatly baýlygy, ruhuň daýanç sütüni Watan kemlik edýändigi söz ussadynyň döredijiliginde aýdyň şöhlelenýär. Magtymguly Pyragy: 
«Ýat illerde mysapyrlyk çekenden, 
Ursa-sökse, horlasa-da il ýagşy» diýipdir.
Şahyryň döredijiliginde: 
Eşit, adam, dogan ilden, 
Gaýry mähriban ýurt bolmaz.
ýa-da:
Ilinden aýra düşen — ah urar, ili gözlär. 
Ýolundan aýra düşen — jäht edip, ýoly gözlär 
— diýip, Watan mertebesiniň durmuşy zerurlykdygyny nygtaýar. Ýeri geleninde aýtsak, beýik söz ussadynyň bu setirleri Gahryman Arkadagymyzyň täze döreden «Ak şäherim Aşgabat!» atly kitabynda hem öz beýanyny tapypdyr.
Aslynda, Magtymguly Pyragynyň tutuş döredijiliginiň içinden geçýän esasy mesele bu halkyň, ýurduň ykbaly. Bu onuň il-ýurt, agzybirlik, watançylyk, birleşmek, bir bütewi döwlet gurmak ýaly pikirleriniň jeminde äşgär ýüze çykýar. Watany goramaga, mert ýigitleriň waspy bilen birlikde halky biri-birine söýget bolar ýaly ynsanperwerlige, adalatlylyga çagyrmak, ýamany ýazgarmak, galyberse-de ynsanyýetde Watana, halka söýgi döretmek, erkana bitewi döwleti arzuwlap, geljege umyt döretmek — bularyň hemmesi Magtymgulynyň eserleriniň mazmunyny düzýär. 
Hakykatdan hem Magtymguly Pyragy ýaşan döwrüniň jemgyýetçilik ruhuny dolulygy bilen şygra salyp bilen zehinli şahyrdyr. Watany goramak üçin ata çykan türkmen ýigidini boýun egdirip bolmaýandygy hakyndaky hakykat islendik döwürde-de öz güýjüni ýitirmändir. Bu hakykata milli Liderimiziň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly eserini okap has-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly Pyragy türkmen halkynyñ taryhynyñ iñ çylşyrymly döwründe ýaşan, agzybirlik, garaşsyzlyk, özbaşdak döwlet gurmak ýaly beýik maksatlara öz döredijiligi bilen gulluk eden ynsanperwer şahyrdyr» diýip belleýär.
Magtymguly Pyragynyň şygyrlary şol taryhy döwürde topragy goramak ýaly syýasy wezipäni öz üstlerine alypdyrlar. Ýüňi ýeten ýigitleri Watan goragyna çagyrmak, mert ýigitleriň edermenligini, güýç-gaýratyny wasp edip, olaryň hyjuwyny, güýjüni goşalandyrmak, namartlary paş edip, il-gözünden düşürmek, käte-käte, terbiýelemek, söweşe çekmek ýaly çagyryşlar, ýöne bir çagyryşlar bolman, olaryň aňyrsynda halkyň döwletlilik bähbitli mesele ýatandyr. 
Magtymguly Pyragynyň «Türkmeniň», «Gürgeniň», «Bady sabany görsem», «Jahan peýda», «Jan içinde» goşgularynda adamlaryň agzybirlikde ýaşasalar döwletliliginiň artjakdygy, ykbalynyň göteriljekdigi şöhlelendirilipdir:
Göwünler, ýürekler, 
                   bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär 
                   topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar 
                   kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.
Dagdan şaglap inýän täsin dury çeşme kimin teşne kalplara dolýan bu jadyly setirleriň aňyrsynda ýürekleri ýyladýan yssy mähir ýatyr. Bu diňe şygryýet däl, il-ýurt aladasyny gerdenine atan ynsanperwer şahsyýetiň süýji arzuw-umytlaryndan dörän ajaýyp sungat eseri.
Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Lebap welaýatynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde 2024-nji ýylda türkmeniň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde baýram etmek hakynda belläp: «Mähriban topragymyzyň hakyky watançysyny, türkmenleriň ençeme nesilleriniň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny aýdyň beýan ediji şahyrymyzy hormatlap, biz onuň 300 ýyllyk şanly senesi mynasybetli çäreleri iň ýokary derejede guramalydyrys» diýdi. Bu nurana sözler ýüreklere ganat berip, şahyryň sarpasynyň belent tutulýandygynyň ýene bir ýola subutnamasy boldy.

Nurýagdy AKMÄMMEDOW
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby-lukmançylyk fakultetiniň dekanynyň orunbasary, podpolkownik.