Ýurdumyzyň daşary syýasatynda gazanan iň uly üstünligi bolan hemişelik Bitaraplyk halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň ýakym-ýaraşygy, bagtyýar ojaklaryň ýylylygy bolup kalplara dolýar. Paýtagtymyzda baky bagtyň mizemez nyşany bolup seleňläp duran Bitaraplyk binasy bu mukaddes düşünjäni asyrlara, nesillere aşyrjak gymmatlykdyr.
Agzybirlik bagtyýar durmuşymyzyň çyragydyr. Agzybirlik hakynda hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Agzybirlik ýagşy amallary hasyl etmegiň hatyrasyna jebisleşmegi aňladýar. «Arzuwsyz adam bolmaýar, ganatsyz hem guş» diýilýär, arzuwlaryň hasyl bolmagy üçin bolsa, ilki bilen, agzybirlik gerekdir. Agzybirlik il-ulsumyzyň bir supranyň başyna jem bolmagydyr. Agzybirlik «Ýagşy niýet — ýarym döwlet» diýen ynama ygrarlygymyzdyr. Bir supranyň başyna jem bolan il-halkymyzyň geljege umydy agzybirligimizdedir» diýip, parasatlylyk bilen belläp geçýär.