Döwlet bilen raýatyň arasyndaky gatnaşyklaryň hukuk binýady

24 Iýun 2021
1250

Hormatly Prezidentimiziň milli kanunçylygymyzy halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmak barada berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirmek ugrunda yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Kanunyň hökmürowanlygy bellenilen ýurdumyzda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmeginiň kanunçylyk binýadynyň has-da kämilleşdirilmegi maksady bilen täze kanunçylyk namalary kabul edilýär. Şolaryň hatarynda her bir şahsyň özüniň hukuklary we kanuny bähbitleri bilen gönüden-göni bagly bolan meseleler boýunça administratiw edara ýüz tutmaga, haýyşnama bildirmäge ýa-da administratiw edaradan maglumat almaga hukugynyň berjaý edilmeginde «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanuny möhüm ähmiýete eýedir. Bu Kanunda administratiw edaranyň raýatlaryň ýüztutmalary boýunça degişli çözgütleri kabul etmäge ýa-da maglumaty bermäge borçludygy beýan edilýär. Şonuň ýaly-da, administratiw önümçiligi amala aşyrylanda administratiw edaralaryň beýleki administratiw edaralar, gaýry guramalar bilen administratiw önümçiligi amala aşyrmak üçin zerur bolan ýüztutma ibermek, resminama we (ýa-da) maglumat alyşmak arkaly, şeýle hem beýleki görnüşlerde özara gatnaşyklarynda hyzmatdaşlygynyň kanunyň esasy ýörelgeleriniň sanawynda görkezilendigini bellemek gerek.
Kanuna laýyklykda, administratiw edara gyzyklanýan şahsa arza ýa-da haýyşnama bermekde, arzada ýa-da haýyşnamada ýol berlen ýalňyşlary ýüze çykarmakda we aradan aýyrmakda ýardam etmäge, administratiw önümçilige gatnaşýan şahsa hukuklaryny we borçlaryny düşündirmäge borçludyr.
Administratiw edaranyň gyzyklanýan şahsyň haýyşnamasy boýunça onuň şahsy ýa-da maşgala durmuşynyň syryny, şeýle hem hünär, täjirçilik syryny saklaýan resminamalaryň ýa-da maglumatlaryň gizlinligini üpjün etmäge borçludygyny belleýän kada bolsa, raýatlaryň Esasy Kanunymyzda beýan edilen konstitusion hukuklarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmegiň kämil hukuk binýady bolup çykyş edýär. Şonuň ýaly-da, Kanunda administratiw önümçilik bilen bagly möhletleriň anyk kesgitlenmegi bu gatnaşyklaryň düzgünleşdirilmegi nukdaýnazardan kämil hukuk esaslaryny emele getirmekde möhüm ähmiýetlidir. 
Bellenilen kadalara laýyklykda, administratiw edara bir aýdan köp bolmadyk möhletde administratiw namany kabul etmek hakynda ýa-da ony kabul etmekden ýüz döndermek hakynda çözgüt kabul etmeli. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda gaýry möhlet bellenilmedik bolsa, administratiw önümçilige ähmiýetli bolan ýagdaýlary anyklamak üçin köp möhlet talap edilýän halatynda, bu möhlet administratiw edara tarapyndan kyrk bäş güne çenli uzaldylyp bilner. Haçanda, administratiw önümçiligi amala aşyrmak üçin gerek bolan resminamalar we (ýa-da) maglumatlar gaýry ýollar bilen alnyp bilinmeýän bolsa, administratiw edara tarapyndan ygtyýarly edara olaryň berilmegi barada talap haty iberilen halatynda, administratiw önümçiligi amala aşyrmak möhleti talap haty iberilen gününden başlap, talap edilen resminamalaryň we (ýa-da) maglumatlaryň alnan gününe çenli togtadylýar. Kanunda bellenilen möhletiň geçirilmeginiň sebäpleri esasly diýlip ykrar edilende, administratiw edara gyzyklanýan şahsyň arzasy boýunça geçirilen möhleti dikeldilip bilner. Geçirilen möhleti dikeltmek baradaky arza administratiw edara tarapyndan bäş günüň dowamynda seredilmelidir. Gyzyklanýan şahs Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde administratiw edaranyň geçirilen möhleti dikeltmekden ýüz döndermek hakynda çözgüdine şikaýat edip biler.
Kanunda gyzyklanýan şahsyň administratiw nama administratiw şikaýat bermek arkaly administratiw ýa-da kazyýet tertibinde şikaýat etmäge bolan hukugy kepillendirilýär. 
Ýurdumyzda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi ugrunda nusgalyk işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, mertebesiniň mundan hem belent bolmagyny arzuw edýäris.

Amandurdy ARABOW
Ahal welaýat kazyýetiniň maslahatçysy.