Alabaýyň merdem dünýäsi

24 Iýun 2021
1351

Türkmen alabaýy hakda söhbet edilse, uly-kiçi ýüregi bilen berlip, hezil edip diňleýär. Alabaý özüne mahsus häsiýeti bilen ynsan durmuşynda mizemez orun tutmagy başardy. Ynsanyň ruhy dünýäsine kybap gelýän alabaý indi ýedi yklymyň ähli ýerinde tanalýar.
Hormatly Prezidentimiz «Türkmen alabaýy» atly meşhur kitabynda şeýle dürdäne setirleri ýazýar: «Türkmen alabaýynyň wepaly, batyr durky ruhy hem-de beden sagdynlygyny bize nusga edýän gözellikdir». Bu ajaýyp garaýyşdaky wepalylyk we batyrlyk sözleri aýratyn üns berilmäge mynasypdyr. 
Arkadag Prezidentimiziň Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasyny döretmegi, Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen birlikde Türkmen alabaý itleriniň baýramynyň bellenilmegi gadymyýetiň jümmüşinden ynsan ykbalyny ykbal edinen türkmen alabaýynyň şöhratyny dabaralandyrmaga gönükdirilendir. 2020-nji ýylyň 31-nji awgustynda paýtagtymyzda edara binasy ýerleşen Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň esaslandyryjy mejlisi geçirildi. Ermenistandan, Belgiýadan, Belarusdan, Gruziýadan, Eýrandan, Hytaýdan, Russiýadan, Türkiýeden, Özbegistandan, Ukrainadan, Fransiýadan bolan kinologiýa federasiýalarynyň, assosiasiýalaryň, klublarynyň, ylmy-barlag merkezleriniň wekilleriniň bu halkara foruma gatnaşmaklary türkmen alabaýynyň şanynyň we onuň häzirki zaman şertlerindäki möhümliginiň ähmiýetini açyk-äşgär etdi.
Türkmen alabaýynyň köpeldilişinde we terbiýelenişinde milli itşynaslyk sungatynyň özboluşlylygyny öwrenmeklige daşary ýurtlarda aýratyn gyzyklanma artýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» atly žurnaly döredilip, ol ähli döwletlere diýen ýaly ýaýradylýar. 
Arassa tohum alabaý itlerini kemala getirmek wezipesini öňde goýan milli Liderimiziň «Türkmen alabaýy» kitabyndaky şu parasatly setirleri uly buýsanç bilen okaýaryn: «Nesil arassalygyny saklamak meselesi alabaý itleriniň diňe beýleki itler bilen däl, hatda, alabaýyň dürli görnüşleriniň özara garylmazlygyny talap edýär. Öz wagtynda ýeňilmezek saýylan Ak ýeketen, Gara ýeketen, Sary ýeketen, Gök ýeketen, Üçdiş, Garaýolbars, Akguş ýaly tohum itleriň nesli biziň günlerimize çenli garnuwsyz saklanyp gelipdir». Ine, şu setirlerde ady agzalan alabaýlar bizi örän tolgundyrýar. Şeýle tolgundyryjy duýga dolup ýaşamagyň bagty bolsa bagtyýar geljegimiziň milli mirasymyz bilen belent şöhratlanjakdygyna bolan ynamy biziň ýüreklerimize guýýar. Munuň üçin biz hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Rejepmyrat GELDIÝEW
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň müdiri, podpolkownik.