Parahatlyk mekany sen, Aşgabat!
Paýtagtymyz Aşgabat gün-günden gözelleşýär. Owadan, üýtgeşik, gözüň ýagyny iýip barýan binagärlik özboluşlylygyny bolsa ajaýyp simfoniki esere meňzedesiň gelýär. Ýokary ussatlyk bilen döredilen islendik sungat eseri ynsan göwnüni galkyndyrýar. Hut şonuň ýaly-da, paýtagtymyz Aşgabadyň mysalynda-da, nepis, milli binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýan sungat eserini görmek bolýar. Elbetde, bu sungat eseri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininiň netijesinde dörän eserdir. Paýtagtymyzyň gözelligi diňe bir öz halkymyzy däl, eýsem, goňşy ýurtlardyr daşary döwletleriň wekillerini-de haýrana goýýar. Soňky on bäş ýylyň içinde özboluşly binagärlik aýratynlyklary bilen tapawutlanýan ýaşaýyş jaýlarynyň, edara binalaryň, söwda we beýleki maksatly binalaryň ýüzlerçesi gurlup, ulanylmaga berildi. Paýtagtymyzyň gözelliginiň ýene bir aýratynlygy ýol çatryklaryndaky we ýoluň gyralaryndaky özboluşly milli äheňde bezelen binalar toplumydyr. Ýurdumyzyň asudalygyny, parahatçylygyny, sungata, däp-dessurlarymyza bolan sarpasyny, ahalteke bedewlerimizdir türkmen alabaýlaryna bolan söýgimizi özünde jemleýän ençeme binalar, ýadygärlikler paýtagtymyzyň görküne görk goşýar. Uzakdan seleňläp, ýurt Garaşsyzlygynyň, parahatçylygynyň we Bitaraplygynyň owazy bolup pasyrdaýan ýaşyl Baýdagymyz paýtagtymyzyň altyn gupbasynyň täjine meňzeýär. Şonuň ýaly-da, paýtagtymyzyň birnäçe binagärlik we beýleki gurluş aýrat