Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda beýik özgertmeler durmuşa geçirlip, uly netijeler gazanylýar.
Ýurdumyzda energetika pudagy ykdysady üstünliklerimiziň berk binýady hasap edilýär. Bu pudagyň kanunçylyk esasy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de 2014-nji ýylda kabul edilen «Elektrik energetikasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen düzgünleşdirilýär.