Edep beren ýeňňem

4 Mart 2021
2021

Ol wagtlary ulugyz bolmagy juda arzuw edýän, ýöne çagalyk dünýäsi bilen hoşlaşmagyň kynçylyklaryny başdan geçirýän günlerimdi. Altynjy synpy gutaryp, ýedinjä geçen ýylym tomusky rugsada çykanymyzda, ejem bilen kakam saglyklaryny berkitmek üçin «Mollagara» şypahanasyna gidipdiler. Üç sany özümden kiçi jigilerime seretmek, öýüň arassaçylykdyr nahar-şory meniň boýnumady. Obada önüp-ösenler üçin bu işler uly bir zat däldi. Käbir joralarymdyr synpdaşlarymyzyň birnäçe sygyrlary bardy. Olary sagmak, ot-suw bermek öý işleriniň daşyndan edilmeli işlerdi. Bizde sygyr ýokdy. Olar kel dälem bolsa, enem aýtmyşlaýyn dört sany «kel toklymyz» bilen towuklarymyz bardy. Olara seretmek sygyrlary örä alyp gidip bakanyňdan, ir ertir giç agşam süsäýmeginden ätiýaç edip saganyňdan aňsatdy. Öýde nanymyzy bişirmek agyr maşgalaly, köp çagaly diýilýän enemiň boýnunady. Indi men hem gündelik, käte-de günaşa bir tegelek nan alyp gaýdýardym.

Gelnejelerim gezekleşip hamyr edýärdiler. Enem welin gündelik tamdyra nan ýapmalydy. Şol gün irden jigilerime ertirlik berdim-de, saçakdaky galan nany meniň mal-garamyzy sananymda ýadymdan çykaran Aždarymyza bermäge howlukdym. Goýunlara ot berip, suw guýulýan gaplarynyň suwuny täzeledim. Towuklara iým sepdim. Öýdäki jigilerime etmeli işlerini bölüp berenimden soň, günortanlyk naharyň ugruna çykdym. Birdenem saçakda nanymyzyň azalandygy ýadyma düşdi. Atamlar bilen aralykdaky salmanyň üstündäki paýapyldanam geçmän, ýüzümiň ugruna böküp geçdim-de, tapçanda çaý içip oturan atam bilen eneme salam berdim.

Gülälek MERETMYRADOWA,
«Adalat».