Saýlawlar – milli demokratiýanyň dabaralanmagy

4 Mart 2021
1294

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz uly ösüşlere eýe bolýar. Watanymyzda halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamaklary üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda adam hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmek, olaryň kanuny bähbitlerini goramak, günsaýyn kämilleşýän jemgyýetçilik gatnaşyklarynda olaryň hukuk goraglylygyny üpjün etmek Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biridir. Şunda häzirki zaman türkmen jemgyýetini mundan beýläk hem demokratiýalaşdyrmagy ýaýbaňlandyrmak şeýle möhüm wezipeleriň hataryna girýär.

Demokratiýa diýlende, halkyň gönüden-göni öz ykbalyny özüniň kesgitleýändigine düşünilýär. Raýatlaryň kanun arkaly kepillendirilýän we takyk durmuşa geçirilýän saýlaw hukugy syýasy hukuk bolmak bilen, demokratiýanyň möhüm düzüm bölegi we kesgitleýji ölçegi hökmünde çykyş edýär.

Hajarbibi HANDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň hünärmeni.