Saýlaw ulgamynyň hukuk binýady

25 Fewral 2021
1069

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz demokratik ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Öz ösüşinde täze belentliklere galýan ýurdumyzda kanun çykaryjylyk işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilip, milli parlamentiň iki palataly gurluşyny döretmegiň hukuk esaslarynyň döredilmegi Türkmenistanyň täze taryhyna uzak geljegi nazarlaýan taryhy ähmiýetli waka bolup girdi. Esasy Kanunymyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatadan — Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybaratdygy beýan edildi. Şonuň ýaly-da, Halk Maslahatynyň düzümine welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň mejlislerinde gizlin ses bermek arkaly saýlanylýan her welaýatdan we Aşgabat şäherinden sekiz agzanyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýän sekiz agzanyň girýändigi görkezildi.

Saýlaw kodeksine üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze döredilýän Halk Maslahaty palatasynyň agzalarynyň saýlawlaryny guramagyň we geçirmegiň hukuk esaslary berkidildi. Şunda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň gizlin ses bermek arkaly göni däl (gytaklaýyn) saýlaw hukugynyň esasynda welaýat halk maslahatlarynyň mejlislerinde geçirilýändigi we bu saýlawlarda her welaýatyň, Aşgabat şäheriniň çäginiň sekiz mandatly bir okrugdygy beýan edildi. Saýlawlara taýýarlyk görmekde, olary guramakda we geçirmekde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, innowasion sanly tehnologiýalaryň ulanylyp bilinýändigi baradaky kadalaryň hem kodeksde beýan edilendigini bellemek ýerlikli bolar. Sebäbi bu kadalar saýlawlaryň has ýokary guramaçylyk derejesine we aýanlykda geçirilmegine oňaýly şertleri döredýänligi bilen möhüm ähmiýete eýedir. Saýlawlaryň geçirilmegi barada aýdylanda bolsa, Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmegi Merkezi saýlaw topary, degişli welaýat saýlaw toparlary we welaýat halk maslahatlary üpjün edýärler. Welaýat saýlaw topary ses bermegi guraýar we geçirýär hem-de jemini jemleýär.

Oguljemal MOLLAÝEWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy, ykdysady ylymlaryň kandidaty.