Ynamdar dost
Seniň bilen gyzyklanýan, saňa goldaw berýän, durmuşyňa gatnaşýan, duýgularyňa, kynçylyklaryňa, gazanýan her bir ýeňşiňe we şowsuzlygyňa biparh garamaýan adam seniň dostuňdyr. Ynsan durmuşynda, okuwda, her bir işde maslahata mätäç. Maslahaty oňa ata-ene, dost-dogan, mugallym ýa-da ýaşuly nesil berip bilýär. Bularyň içinde ýürege, kalba iň bir ýakyn, mähirdeş, syrdaş dostdur. Hakyky dosta ýürek syryň ynanylýar. Taryhda men-men diýen gerçekler özlerine ýürekdeş, wepadar dost gazanmaga uly ähmiýet beripdirler. Sebäbi jiger içre jan bolup biljek syrdaş dost gam-gussaňy çekişýär, begenjiňe şatlanýar. Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzap gidýän taryhy ýolunda durmuşyň islendik meselesine degişli nakyllar biziň häzirki günümizde altyna barabar hazynamyzdyr. Olaryň arasynda dostluk hakynda ençeme nakyl bar. «Dost başyňa iş düşende tanalar», «Dost-dostuň aýnasy», «Dost geňeşde belli»...