Hukuk terbiýesi — geljegi nazarlaýan iş

11 Fewral 2021
1752

Hormatly Prezidentimiziň kakasy gulluk eden döwründe ýedi gezek ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolan, «Içerki goşunlarda gullukda tapawutlanandygy üçin» diýen döşe dakylýan nyşan bilen sylaglanan, 1982-nji ýylda içeri işler edaralarynda podpolkownik harby adynda gullugyny tamamlap, zähmet ýoluny Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň düzümleýin edaralarynda dürli wezipelerde dowam eden, ilhalar ynsan, Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň zähmet we durmuş ýoly bütin türkmen halkymyz bilen birlikde, biziň bilim ojagymyzda hem okuw-terbiýeçilik işlerini mynasyp alyp barmakda beýik mekdep bolup durýar.

Çünki, döwletimizde ylym-bilimiň döwrebap ösdürilmegi hem-de bu ulgama ornaşdyrylýan ýokary hilli tehnologiýalar talyp ýaşlarymyzyň ählitaraplaýyn kämil bilim almagyna oňyn täsirini ýetirýär. Bagtyýar talyp ýaşlarymyz ylmy tehnologiýanyň gazananlaryny üstünlikli ele almakda, daşary ýurt dillerini öwrenmekde, ylmy işler, şeýle-de sportuň dürli görnüşleri, aýdym-saz, sungat bilen meşgullanmakda öz başarnyklaryny görkezýärler. Ýaşlarymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, okamagy, öwrenmegi, ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin döwlet tarapyndan yzygiderli tagallalar edilýär.

Şatlyk TAGANOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň okuw bölüminiň müdiriniň orunbasary, polisiýanyň uly leýtenanty.