Howpsuzlyk kadalaryny berjaý ediň!

11 Fewral 2021
1351

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleri tarapyndan döwletimizdäki ilatly nokatlarda, eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, ykdysadyýet desgalarynda, guramalarynda, oba hojalyk ekinleri bilen bagly işleriň alnyp barylýan oba senagat toplumlarynda ýangynlaryň öňüni alyş çäreleri yzygiderli geçirilýär. Bu işler ýangynlaryň sanlarynyň azalmagyna getirýär. Ýaşaýyşdyr edara jaýlarynda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň kadalaryny her bir raýatyň bilmegi hökmanydyr.

Eziz ildeşler, ilki bilen, ýaşaýyş jaý-ulanyş edaralarynyň, şeýle-de edara jaýlarynyň ýangyn howpsuzlygyna jogapkär adamlar, düzgün bozulmalaryň häsiýetine, şonuň bilen bir hatarda getiren netijelerine laýyklykda, kanunda bellenilen tertipde jogapkärçilik çekýändiklerini bilmelidir. Ýaşaýyş jaýy kärendesine alan adamlar, jaý eýeleri, umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýanlar, edaralaryň işgärleri ýangynyň döremegine getirip biljek, jaýlardaky, otaglardaky adamlaryň janyna hem-de saglygyna howp salýan hereketlere ýol bermeli däldirler. Ýangyn dörän halatynda, adamlary dessin halas etmäge ýardam berýän ýörite enjamlary elmydama işjeň ýagdaýda saklamaly. Halas ediş ýollarynda ýanyjy serişdeleri ulanmagy çäklendirip, adamlary binalardan halas etmekligi pese düşürýän gurluşyk-gurnama işlerini, şeýle-de jaý gurluşyk taslamasynyň çözgütlerini üýtgedip gurmak, özbaşdak gurluşyk-gurnama işlerini geçirmek doly derejede gadagan edilýär.

Garýagdy HOJAMUHAMMEDOW,
Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 3-nji ýangyn howpsuzlyk otrýadynyň müdiri, içerki gullugyň maýory.