Umumadamzat ähmiýetli tagallalar : daşary syýasatda baş ýörelge

4 Fewral 2021
1794

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli daşary we içeri syýasatynyň netijesinde amala aşyrylýan tutumly işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegine, onuň halkara abraýynyň täze belentliklere göterilmegine ýardam edýär. Hemişelik Bitaraplyk hemişelik parahatçylykdyr, goňşy döwletlerde, tutuş dünýä ýüzünde syýasy durnuklylygyň kepilidir. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bitaraplyk we parahatçylyk diýen düşünjeler bölünmezdir. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabyny okanyňda doly göz ýetirmek bolýar. Bu kitapda bellenilişi ýaly, türkmenleriň öz taryhynyň irki döwürlerinde-de döwletiň we halkyň bähbitlerini goramak maksady bilen, öňüni alyş diplomatiýasyny ulanandygy, «Ähdi-peýman şertnamasy» diýlip atlandyrylýan halkara şertnamalaryny baglaşandygy bellidir.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, halkara guramalarynyň, şol sanda dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmegi maksat edinýän Birleşen Milletler Guramasynyň başlangyçlaryna goşulmagy, şol işleri sebitde durmuşa ornaşdyrmagy, parahatçylyk söýüjilikli Harby doktrinasy, goňşy döwletlere ynsanperwer kömekleri Watanymyzyň öňküden hem gülläp ösmegini, türkmen halkynyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagyny kepillendirdi. Türkmenistan Watanymyzyň öňe süren hemişelik Bitaraplyk syýasaty tutuş dünýä jemgyýetçiligini biri-birine has-da ýakynlaşdyrýar, ysnyşdyrýar. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Bitaraplyk — bu biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary bagtyýarlyga çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Parahatçylygy ösdürmek bolsa, bütin adamzadyň ýagty geljegini, abadan ýaşaýşyny üpjün etmegiň iň ilkinji şertleriniň biridir.

Myrat KULYÝEW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Mary welaýat müdirliginiň Mary şäher bölüminiň müdiri, uly döwlet bellige alyjysy.