Parahatlyk mekanynda ýaý ganatyň, ak kepderi

11 Fewral 2021
1484

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu günki günde bütin dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy berkarar etmekde, durnukly ösüşi gazanmakda milletler bileleşiginiň tagallalaryny goldaýan, beýik maksatlara gönükdirilen syýasaty alyp barýan döwlet hökmünde giňden ykrar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň umumadamzat ähmiýetli başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Bularyň hemmesi türkmen halkynyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, ynsanperwerlik we dost-doganlyk ýörelgeleriniň gyzgyn goldanylýandygyna esas bolup durýar. Biz eziz Arkadagymyzyň ruhy dünýämize älemgoşar ýalkymyny çaýýan parahatçylyk taglymatyny içgin öwrenmek bilen, döwletde we dünýäde iň gymmatly hazynanyň adamdygyna, onuň parahat durmuşydygyna anygy bilen göz ýetirýäris. Adama gowulyklara öýkünmäge, päklige daýanmaga we ýagşylyklara bil baglamaga ymtylmak mahsusdyr. Gowulyklar diýlende bolsa, ilki bilen, parahatçylyk göz öňüňe gelýär.

2021-nji «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny uly ruhubelentlik bilen garşy aldyk. Biziň ata Watanymyz dünýä jemgyýetçiliginde hemişelik Bitarap döwlet hökmünde häzirki zaman ösüşi diňe işjeň halkara ylalaşdyryjylyk ugry bilen häsiýetlendirilýär. Muny Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren «Ösüş arkaly parahatçylyk» şygarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Eger parahatçylyk bolmasa, hiç hili ösüşiň bolmajakdygy öz-özünden düşnükli zatdyr. Türkmenistan parahatçylygyň we ösüşiň arasyndaky gös-göni baglanyşygy görkezip, bu çemeleşmäniň Milletler Jemgyýetiniň intellektual we material serişdeleriniň, syýasy erkiň jebisleşmegi üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny ykrar edýär. Bu bolsa syýasatda, ykdysadyýetde, ynsanperwer ugurlarda halkara gatnaşyklarynyň durnukly we mäkäm ulgamynyň döredilmegine ýardam berýär.

Nurýagdy AKMÄMMEDOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby-lukmançylyk fakultetiniň dekanynyň orunbasary, podpolkownik.