Buýsançly waka

11 Fewral 2021
1391

Golaýda, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary bilen «Türkmenistan: Altyn asyr» teleýaýlymynyň döredijilik toparynyň işgärleriniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlaryň maşgala durmuşynda bolan özgerişler, ösüşler barada olaryň berýän buýsançly gürrüňleri, özleriniň ýürek arzuwlaryny wysal eden, baky bagtyýarlygy peşgeş beren hormatly Prezidentimize egsilmez alkyş sözlere beslenen ýürek buýsançlary sanly ulgam arkaly, göni wideoaragatnaşygynda, onlaýn görnüşinde teleýazgy edilip, ýaýlyma berildi.

Teleýazgynyň dowamynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlar ýurdumyzda ynsanperwerligiň ajaýyp nusgasyny giňden dabaralandyrýan mähriban Arkadagymyza tüýs ýürekden egsilmez sagbolsunlaryny aýdyp, hemişelik Bitarap Türkmenistanda adam hakyndaky aladanyň iň öňdäki orunda durýandygyny, raýatlaryň erkana, parahat we bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini buýsanç bilen bellediler. Olar: «Men Türkmenistanyň raýaty» şeýle belent heň bilen ýaňlanan bu mukaddes jümläniň her bir adamyň kalbyndan syzylyp çykmagy, adamlaryň bagtyýarlygynyň aýdyň nyşany bolup, ýüreklere ornady.

Remezan GULLYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Merkezi edarasynyň harby gullukçysy, maýor.