"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Hususyýetçilik ösüş ýolunda

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ösüşlerine, halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilen parasatly syýasaty amala aşyrmak bilen, ynsanperwer başlangyçlary öňe sürýär. Şunuň bilen birlikde, halkyň çuňňur ruhy we döredijilik güýji netijeli işlere gönükdirilýär. Netijede, düýpli durmuş-ykdysady özgertmelerde, demokratiýany ýaýbaňlandyrmakda, kanunçylygy berkitmekde, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmekde, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda, döwletiň, jemgyýetiň we adamlaryň jebisligini gazanmakda uly üstünlikler gazanylýar. Mälim bolşy ýaly, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hususy telekeçiligiň mümkinçiliklerini giňden ösdürmek döwlet tarapyndan goldanylýar. Bu bolsa maliýe-ykdysady ulgamyň durnukly ösdürilmegi boýunça işleriň ýokary depginler bilen dowam etdirilmegini, ykdysady ulgamyň kanunçylyk namalarynyň yzygiderli seljerilmegini we kämilleşdirilmegini şertlendirýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen binýatlaýyn kadalara laýyklykda, döwletimiziň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar; döwlet adamyň we jemgyýetiň bähbitlerine ykdysady işi düzgünleşdirmegi amala aşyrýar. Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär. Şeýle hem döwlet eýeçiligiň ähli görnüşleriniň deň goragyny kepillendirýär we olaryň ösmegi üçin deň şertleri döredýär. Her bir adamyň telekeçilik we kanunda gada

Arassa howa — saglyga güwä

Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän hukuk özgertmeleri ýurdumyzyň jemgyýetçilik we döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýar. Ykdysady ösüşiň häzirki şertlerinde adamzat jemgyýetini ekologiýa abadançylygy bilen baglanyşykly meselelerden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Dünýäniň, sebitiň we ýurdumyzyň daşky gurşaw bilen bagly ekologik meselelerini çözmekde kadalaşdyryjy hukuk namalaryna uly orun degişlidir. Hut şu nukdaýnazardan, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasynyň, Çölleşmäge garşy göreş baradaky, Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýalaryna goşulyşdy we daşky gurşawy ýaramaz täsirlerden goramak bilen baglanyşykly birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalary, hususan-da, «Tebigaty goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

Çar ýana uzaýan ýollar

Ýol düşünjesi durşy bilen pelsepe. Geçmişden şu güne, şu günden geljege barýan ýollar. Dost öýüne barýan ýollar. Aslynda, ýol hakyndaky düşünjäniň özi gatnaşygyň bardygyny, zerurdygyny aňladýar. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň ikinji kitabynda: «Şu günki gün ýurdumyzda ulag düzüminiň utgaşdyrylan ulgamy döredilip, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginden uzaýan halkara we sebitara deňiz, derýa, awtomobil, polat we howa ýollary dünýäniň gujagyna aralaşýar, ak ýollar halklary birleşdirýär, yklymlary ýakynlaşdyrýar» diýip belleýär.

Taryha sarpa

Türkmen halky özüniň milli däp-dessurlarynyň tapawutlylygy we oňa goýýan sarpasy netijesinde umumadamzat ruhy gymmatlyklaryň döremegine ähmiýetli goşant goşan milletleriň biri hökmünde tanalýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly kitabynda: «Bu gün adamzadyň ahlak-edep ýörelgelerini, ynsanperwerligi, tämiz ruhy, sagdyn ahlagy wagyz edýän milli gymmatlyklarymyz, däp-dessurlarymyz buýsanylmaga, taryp edilmäge, dünýä ýaýylmaga mynasypdyr» diýip belleýär. Hakykatdan hem halkymyzyň milli däp-dessurlaryndan ugur alýan medeniýet we sungat işgärleriniň döredijiliginde döwrüň galkynyşy, milletiň ruhy aýratynlygy duýulýar. Bilşimiz ýaly, Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolup durýar, ol medeni ýadygärlikleri we tebigy gözellikleri gorap saklamak boýunça halkara işlerde möhüm orun eýeleýär. Halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklaryna hormat goýmaga esaslanýan şertleri döredýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji aýyndan başlap, medeni mirasymyzy hem milli däp-dessurlarymyzy, taryhy-medeni ýadygärliklerimizi dünýä ýaýmak babatda birnäçe işler durmuşa geçirildi.

Halkymyzyň buýsanjy

Her millete mahsus ilkinji aýratynlyklaryň biri onuň dilidir. Dil ýaşasa, millet ýaşaýar. Dil baýlaşsa, millet baýlaşýar. Ene dilimizi ösdürmek milliligimizi berkitmegiň bir serişdesidir. Şonuň üçin ata-babalarymyz taryhyň dowamynda ene dilimize iňňän uly sarpa goýupdyrlar. Mundan müň ýyl töweregi ozal ýaşap geçen türkmen alymy Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň diwany» atly ajaýyp eseri türkmen diliniň baý taryhyndan söz açýar. Hormatly Prezidentimiz söze baý milli dilimiz hakda: «Biziň dilimiziň örän gadymy kökleri bar. Gadymy kökler bolsa hemişe geljek üçin giň mümkinçilikleri açýan ygtybarly esas bolup durýar» diýip belleýär.

Elektron neşirleri wagtyňyzy tygşytlar

Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek, onuň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak boýunça beren görkezmelerine laýyklykda, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň «türkmenmetbugat.gov.tm» saýty açyldy. Açylmagyna köp wagt geçmändigine garamazdan, bu saýta onlaýn-abuna ýazylýan ildeşlerimiziň sany gün-günden artýar. Elbetde, bu ýagdaý halkymyzyň internet sowatlylygynyň, habardyr maglumata bolan isleginiň, okamak endiginiň kämilleşýändiginiň nyşanydyr. «Türkmenmetbugat» internet neşiri bilen gysgaça tanyşdyrsak, «türkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasy, ýagny, elektron neşiri üç dilde hereket edýär. «Türkmenmetbugat» internet neşirinde birbada 30-a golaý gazet-žurnaly onlaýn usulynda okap bolýar. Gazet-žurnallaryň elektron abunaçysy bolmak isleýänler kompýuteriň üsti bilen ýa-da «Play Market» we «App Store» internet dükanlaryndan «Türkmenmetbugat» mobil goşundysyny telefonlaryna, planşetlerine ýüklemek bilen ýazylyp bilerler.

Alkyşlynyň işi oňlar

Käte çykgynsyz ýagdaýa düşenimizde «Kimdir birini närazy etdimmikäm, nirede ýalňyşdymkam?» diýen soraglar biziň aňymyzdan çykanok. Emma bagt guşy depämize gonup, işlerimiz ugruna bolanda, biz hiç wagt «Kimiň alkyşy, kimiň dilegleri meniň ýollarymy ýagtyldýarka?» diýmeýäris-de, «Özümize bolan ynamymyz we zähmetimiz, işimiziň oňmagyna getirýär» diýip, pikir edýäris. Emma özümiz dogrusyndaky ýagşy dilegleriň we alkyşlaryň göýä ummanyň tolkunlary ýaly, öňümizde duran ähli böwetleri aýryp, bize ýagty ýol açýanyny bilmelidiris. Dogrudan hem «Alkyşlynyň işi oňlar» diýilmegi ýöne ýerden däl. Alkyş — bu uly güýji özünde jemleýän sözdür. Ir döwürler bir obada perzentsizlik derdini çekip ýören bir maşgalanyň günlerde bir gün gökdäki dilegleri ýerde gowşupdyr. Ekiz ogullaryny gujagyna alan enäniň we goşa ganat dakylan dek duýgulary başdan geçirýän atanyň şol wagtky şatlygyny söz bilen beýan etmek mümkin bolmandyr. Bular ogullaryny mähir we söýgi bilen terbiýeläp ulaldypdyrlar. Emma bäş barmagyň deň bolmaýşy ýaly, ekiz oglanlaryň häsiýetleri biri-birinden düýpli tapawutlanypdyr. Biri zähmetsöýer, işjanly bolsa, beýlekisi elmydama ýeňil gazanjyň gözleginde bolupdyr. Bir gün ýigit çykan goç ogullar haýyrly işiň başyny tutup, uzak ýola ugramakçy bolýandyklaryny aýdyp, atalaryndan ak pata sorapdyrlar. Atasy ogullaryna pata berip, hersine içi pully bir düwünçegi uzadypdyr. Ogullaryň ulusy düwü

Arassaçylyk saglygyň baş sakasydyr

Adama kesel ýolugansoň, onuň aýrylyp gitmesi kyn bolýar. Şonuň üçin hem keseli bejereniňden, onuň öňüni almak aňsatdyr. Munuň üçin her bir adamyň öz saglygyna aýawly garamagy zerurdyr. Lukmançylyk ylmynda arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek arkaly, dürli ýokanç keselleriň öňüni alyp bolýandygyny aýdýarlar. Arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmegi bolsa biz öz maşgalamyzdan başlamalydyrys. Gigiýenanyň iň ýönekeý, ýöne zerur düzgüni arassaçylygy endik edinmek. Nahary taýýarlaýan wagtyňyz, nahardan soň ýa-da daşardan gelnende, elleriňizi sabyn bilen gowy edip ýuwmaly. Ýaşalýan, dynç alynýan otaglary ýygy-ýygydan ýelejiredip durmaly. Tämiz howa immuno ulgamyň işjeňligini ýokarlandyrýar. Öýde çygly arassalaýyş işlerini wagtly-wagtynda geçirip durmaly, tozan bolmazlygyny gazanmaly.

Sagadyň jaňy

Biziň köpimiz ir bilen turmak üçin sagadyň jaňyny ulanýarys. Işimize, okuwymyza wagtynda ýetişmek üçin sagadymyzyň jaňynyň sesine oýanmagy endik edinipdiris. Sagatsyz oýanmak hakynda pikir edip görüpmidiňiz?! Eger siz sagatsyz oýanmagy endik edinseňiz, onda siziň şähdiňiz açyk, ünsüňiz güýçli, keýpiňiz çag bolar. Eýsem, sagatsyz oýanmagy nädip endik edinmeli? Onuň jogaby örän ýönekeý. • Adatça uly ýaşly adamlara gowy ukysyny almak üçin 6-8 sagat wagt gerek bolýar. Ilki bilen, ýeterlik ukyny almak üçin özüňize näçe wagtyň gerekdigini biliň. Gowy pikirleri aňyňyzda aýlap, uklamagy endik ediniň.

Watan goragy beýgeldýär

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watan goragçylarynyň baýramçylygynyň bellenilýän gününde geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisi Milli goşunymyzyň şahsy düzüminiň baýramçylyk ruhuny göterip, baýramçylygy çuň mazmun bilen baýlaşdyrdy. Has anygy, bu mejlis hormatly Prezidentimiziň: «Watan goragçysy hiç zatda kemçilik çekmeli däldir, onuň azygy bol, egin-eşigi ýyly, tehnikasy — ýaragy gurat bolmalydyr» diýen taryhy sözleriniň durmuşa geçirilişiniň nobatdaky dabaralanmasy boldy. Mejlisde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine, jemgyýetimizde tertip-düzgüni berkitmek, degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly wezipelere we bu ugra degişli beýleki birnäçe wajyp meselelere garalyp, Garaşsyz döwletimizde mundan beýläk-de howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek boýunça işleri kämilleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýylyň şygary — döwrüň çyragy

Milli Liderimiziň döwletli başlangyjy bilen 2021-nji ýyla «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen nurana at, belent şygar berildi. Parahatçylygy we ynanyşmagy dünýä syýasatynyň baş ýörelgesi hökmünde öňe sürmek tutuş adamzadyň abadançylygy üçin iň zerur ýoluň nämedigini anyk kesgitläp bilmekdir. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen jümlede uly many bar. Ol parahatçylyk, ynanyşmak ýaly düşünjeleriň kök uran, ýaýran asyl mekanynyň şu toprakdygyny tekrarlaýar. Muňa bolsa şanly taryhymyz şaýatlyk edýär. Şu ýylyň şygarynyň milli Liderimiziň öňe sürýän halkara ähmiýetli başlangyçlary bilen utgaşýandygy aýratyn bellärliklidir.

Garaşsyzlygy goramak — mukaddes borjumyz

Bu ýyl döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy uludan baýram edilýär. Mukaddes Garaşsyzlygyň saýasynda geçen bu döwürde hormatly Prezidentimiziň: «Garaşsyzlyk döretmäge — kuwwat, gurmaga — güýç, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga — egsilmez ylham berýär» diýen sözlerinden ruhlanyp, döwletimiziň her bir pudagynda uly üstünlikler gazanyldy we belent sepgitlere ýetildi. Hormatly Prezidentimiziň 2007-nji ýylda çapdan çykan «Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr» atly kitabynda: «Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýetilen sepgitler biziň halkymyzyň ägirt uly döredijilik güýjüniň bardygyny subut etdi» diýip buýsanç bilen belleýşi ýaly, gazanylan bu ösüşlerde her bir türkmenistanlynyň mynasyp zähmeti, uly hyzmaty bardyr. Hawa, Garaşsyzlyk her bir ynsanda watançylyk duýgusyny ösdürýän mukaddes güýje eýe bolan sözdür. Bu söz ata-babalarymyzdan miras galan Türkmenistan Watanymyzyň bagtyýar şu gününe we nurana geljegine ynamly bakmaga mümkinçilik berýär. Garaşsyzlygyň egsilmez güýjünden, ähli ulgamlar babatda öňegidişlikler gazanyldy. Çünki biziň ösüşlerimiziň gözbaşy-da, çeşmesi-de Garaşsyzlykdan başlanýar. Halkymyzyň abadan, parahat, eşretli durmuşda ýaşaýanlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň miwesidir. Milli Liderimiziň alyp barýan hoşniýetli daşary we içeri syýasaty netijesinde bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan

Döwre buýsanç - zähmete hyjuw

Batyr HYDYROW,Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi: — Ýurdumyzda demokratik başlangyçlary ykrar etmek we ösdürmek, döwletimiziň adam hukuklary babatdaky halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça hem möhüm işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi bilen demokratik ýörelgelere täze itergi berildi. Esasy Kanunymyza girizilýän üýtgetmeler we goşmaçalar ýurdumyzyň kanun çykaryjy edaralarynyň palatalarynyň deňhukuklylyk, özbaşdaklyk, adalatlylyk, açyklyk we aýdyňlyk ýörelgeleri esasynda sazlaşykly işlemegini üpjün eder. Bu özgertmeleriň baş maksady Türkmenistanyň Halk Maslahaty we Mejlis ýaly ýokary wekilçilikli guramalaryň işini kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Watandyr gursakda şirin janymyz

Her bir adam durmuşyny Watany bilen göz öňüne getirýär. Watan duzy, Watan topragy, Watan howasy — bularyň bary biziň ömrümiziň berkidir. Watana gulluk etmegi özüne maksat edinen hormatly Prezidentimiz bu babatda biziň ählimize görelde mekdebidir. Milli Liderimiziň her bir işinde, eserlerinde Watana bolan çäksiz söýgini, buýsanjy we guwanjy görmek bolýar. Watanymyzyň berk goraglylygy, serhetlerimiziň synmazlygy, ýurdumyzyň içerki asudalygy — döwletiň abadançylygynyň girewi bolup durýar. Milli Liderimiz özüniň «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitabynda şeýle belleýär: «Biziň üçin esasy baýlyk ýurt asudalygymyzdyr. Ertirki gün Zeminiň geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesillere tüsse-tozandan arassa parahat ýurdy, mal-mülki üpjün bolan asuda durmuşy, kalbymyza entek çaga wagtlarymyzdan bäri ornaşyp galan ýakymly hüwdüleri, aýdymlary, dessanlary, ertekileri, asylly edim-gylymlary, milli medeniýetimiziň nusgasy bolan däp-dessurlarymyzy miras galdyrmaly».

Zähmete hormat

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda toýlar toýa ulaşýar. Şeýle şanly seneleriň biri hem hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň baýramyny bellemek hakyndaky Permany esasynda bellenilýän Watan goragçylarynyň günüdir. Harby we hukuk goraýjy edaralary ýurdumyzyň we halkymyzyň howpsuzlygyny, kanunçylygy üpjün etmekde hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan hukuklaryny we borçlaryny berjaý etmekde, jemgyýetiň we döwletiň bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmekde wajyp we jogapkärli işleri alyp barýar. Harby gullukçylaryň we işgärleriň tutanýerli zähmetini dabaralandyrmak maksady bilen bellenilýän bu baýram her bir Watan goragçysy üçin mukaddes senedir. Bilşimiz ýaly, ýakynda «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly ady döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Watan goragçylarynyň zähmetine, birkemsiz gullugyna mynasyp baha berlip, döwlet sylaglary bilen sylaglanylmagy, hormatly atlaryň dakylmagy harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerini uly zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

Asmandan arkaly türkmen

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly pelsepewi eseriniň birinji bölüminiň «Asmandan arkaly, Zeminde zynatly» diýlip atlandyrylýar. Munuň filosofik nukdaýnazardan nähili çuňňur manyly düşünjä eýedigini bilmek has-da gyzyklydyr. Şol sebäpli hem, ilki bilen, bu jümläniň «Asmandan arkaly» diýen birinji düzüm bölegini alyp göreliň. Bu söz düzümini filosofik nukdaýnazardan şeýle beýan etmek bolar: «Asmandan arkaly — Oguz han eýýamyndan gözbaş alyp gaýdýan gadymy taryhyna daýanýan, milliligiň çeşmesi hasaplanýan ruhy mirasa beslenen däp-dessury, ýol-ýörelgesi bolan, Taňrynyň ýalkany». Şeýlelikde, jümläniň «Zeminde zynatly» diýen ikinji düzüm bölegini alyp göreliň. Bu söz düzüminiň pelsepewi manysyna bolsa, şeýleräk tertipde düşündiriş berip bolar: «Zeminde zynatly — ýerasty we ýerüsti tebigy baýlyklara eýe bolan, dagdyr derýalary, sähradyr kölleri, baý haýwanat hem ösümlik dünýäsi bilen sebitde geografik taýdan amatly ýerleşen». Umuman, bu setirlerde dünýäniň dört künjünde uly hormat-sarpa eýe bolan, at-abraýy arşa göterilen ata Watanymyzyň ajaýyp keşbi ussatlyk bilen teswirlenýär. Indi bolsa bu jümläniň manysyna syýasy-jemgyýetçilik nukdaýnazardan seredip geçeliň. Çünki bu babatda alanymyzda, arassa asman — parahatçylygyň, asudalygyň simwoly hasaplanýandyr. Şol sebäpli hem bu jümläniň manysyny şeýle beýan etmek bolýar: «Asmandan arkaly — parahatçylyk söýüji

Welosiped ulagynyň adam bedenine peýdaly täsiri

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylda ýurdumyzda Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň hem-de Dewisiň Kubogyny almak boýunça abraýly halkara ýaryşyň saýlama tapgyry geçiriler. Oňa daşary döwletleriň 40-a golaýyndan türgenleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Welotrek sportunyň ýaryşlary 10 görnüş boýunça geçiriler. Şunda olaryň erkekleriň we zenanlaryň hersiniň arasynda geçiriljekdigini göz öňünde tutanyňda, jemi 20 ýaryş guralar. Bu ýaryşlara taýýarlyk görlüşi bilen gyzyklanyp, hormatly Prezidentimiz 20-nji ýanwarda paýtagtymyzyň Olimpiýa şaherçesiniň üsti ýapyk Welotrek sport toplumyna baryp gördi, ol yerde türgenler, eminler we janköýerler üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda özüniň ekologiýa taýdan arassalygy bilen aýratyn tapawutlanýan bu ulag serişdesi, ilkinji nobatda, adam bedeniniň sagdyn bolmagy üçin ýörite gural bolup hyzmat edýär. Arassa howada welosipedli gezelenç etmegiň adamyň beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagy, fiziki işjeňligiň ýokarlanmagy üçin örän peýdaly hereket bolup durýandygy eýýäm dünýäniň ençeme ýurtlarynda alymlar tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijesinde subut edildi. Ýagny, arassa howada her gün yzygiderli welosiped sürmegiň netijesinde adam bedeninde ýadawlyk, dartgynlylyk, närahatlyk ýaly duýgularyň döremek mümkinçiligi örän pes derejede bolýar. Şeýle hem bedendäki madda çalşygynyň durnukly ýagdaýda saklanma

Täze neşirlerimiz

Türkmenistanda döwlet gurluşy halkymyzyň baý taryhy mirasyna, onuň syýasy we hukuk medeniýetine esaslanýar. Milli Liderimiziň parasatly syýasaty jemgyýetde syýasy durnuklylygy, ýurduň öňe gidýän ykdysady ösüşini we adalatlylyk ýörelgesiniň durmuşa geçirilmegini üpjün edýär. Ýurdumyzyň hukuk ulgamynyň berk kanunçylyk binýady döredildi. Türkmenistanyň Adalat ministrligi hakyndaky Düzgünnama laýyklykda, ministrligiň esasy wezipeleriniň biri neşir etmek işini amala aşyrmakdyr. Şunuň bilen bagly, ýurdumyzyň Adalat ministrligi tarapyndan kabul edilen wagtyndan bäri birnäçe üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen Türkmenistanyň Zähmet kodeksi we «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanuny ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň islegleri esasynda kitapça görnüşinde türkmen we rus dillerinde neşir edildi.

Ýaşlar biz

Ata-baba wesýetine wepaly,Berkarar döwletli, bagtly ýaşlar biz.Ylym bilen açyp, dünýä şaýoly,Öňe barýan bedew batly ýaşlar biz. Sagdyn ösýäs, ruhumyz belentde,Okaýas, döredýäs beýik döwletde,Abraý alýas sportda hem sungatda,Eziz Arkadagly, bagtly ýaşlar biz.

Mukaddes Watan

Zamana bagtyýar, ajap eýýamyň, Her künjegiň täji-tagtdyr, Watanym. Köňüller küýsegi, jennet mekanym, Goýnuňda ýaşamak bagtdyr, Watanym. Topragyňa togap, Tuguňa tagzym, Çöregiňe togap, duzuňa tagzym, Watansöýer ogul-gyzyňa tagzym, Saňa tagzym etmek bagtdyr, Watanym.