Toplumlaýyn işleriň netijeleri Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda has-da aýdyňlaşdyrylýar

11 Fewral 2021
1361

Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýunyň toýlanyljak ýylynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn maksatnamalar barha giň gerime eýe bolýar. Milli Liderimiziň amala aşyrýan beýik işleriniň, umumadamzat bähbitli tagallalarynyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyndaky ähmiýetli ornuna hepdäniň möhüm wakalary aýdyň şaýatlyk edýär.

Bilşimiz ýaly, 7-nji fewralda hormatly Prezidentimiz käbir Hökümet agzalarynyň, medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylarynyň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda medeniýet ulgamynda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy we olary ösdürmegiň geljekki wezipeleri kesgitlendi.

«Adalat».