«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere besleýän möhüm wakalaryň her günde ençemesiniň şaýady bolýarys. Bu taryhy wakalar halkymyzyň hakydasynda we diýarymyzyň taryhynda öçmejek yz goýup, dünýä jemgyýetçiliginiň gyzyklanmasyny barha artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty milli bähbitlerden ugur alýar hem-de umumadamzat bähbitlerine gönükdirilýär.
Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen işjeň daşary ykdysady syýasat ýurdumyza sebit we halkara derejesindäki iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde Türkmenistan dünýä ýurtlary bilen köpugurly özara işjeňligi diwersifikasiýalaşdyrmaga uly üns berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýete aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmeginiň, sanly ykdysadyýetiň hukuk binýadynyň kämilleşmegine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga uly itergi berýändigini bellemek zerurdyr. Bu Kanun elektron resminamalaryň, elektron resminamalaryň dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýyny, olara bildirilýän esasy talaplary kesgitleýär hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmäge gönükdirilendir.