Parahatlyk mekany sen, Aşgabat!

4 Mart 2021
961

Paýtagtymyz Aşgabat gün-günden gözelleşýär. Owadan, üýtgeşik, gözüň ýagyny iýip barýan binagärlik özboluşlylygyny bolsa ajaýyp simfoniki esere meňzedesiň gelýär. Ýokary ussatlyk bilen döredilen islendik sungat eseri ynsan göwnüni galkyndyrýar. Hut şonuň ýaly-da, paýtagtymyz Aşgabadyň mysalynda-da, nepis, milli binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýan sungat eserini görmek bolýar. Elbetde, bu sungat eseri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininiň netijesinde dörän eserdir. Paýtagtymyzyň gözelligi diňe bir öz halkymyzy däl, eýsem, goňşy ýurtlardyr daşary döwletleriň wekillerini-de haýrana goýýar. Soňky on bäş ýylyň içinde özboluşly binagärlik aýratynlyklary bilen tapawutlanýan ýaşaýyş jaýlarynyň, edara binalaryň, söwda we beýleki maksatly binalaryň ýüzlerçesi gurlup, ulanylmaga berildi. Paýtagtymyzyň gözelliginiň ýene bir aýratynlygy ýol çatryklaryndaky we ýoluň gyralaryndaky özboluşly milli äheňde bezelen binalar toplumydyr. Ýurdumyzyň asudalygyny, parahatçylygyny, sungata, däp-dessurlarymyza bolan sarpasyny, ahalteke bedewlerimizdir türkmen alabaýlaryna bolan söýgimizi özünde jemleýän ençeme binalar, ýadygärlikler paýtagtymyzyň görküne görk goşýar. Uzakdan seleňläp, ýurt Garaşsyzlygynyň, parahatçylygynyň we Bitaraplygynyň owazy bolup pasyrdaýan ýaşyl Baýdagymyz paýtagtymyzyň altyn gupbasynyň täjine meňzeýär. Şonuň ýaly-da, paýtagtymyzyň birnäçe binagärlik we beýleki gurluş aýratynlyklary boýunça Ginnesiň rekordlar kitabynda orun almagy halkymyz üçin buýsandyryjy ýagdaýdyr.

Häzirki wagtda paýtagtymyzda gurluşygy alnyp barylýan Maslahatlar merkezi hem-de şäheriň günorta böleginde gurulýan kaşaň «Arkadag» myhmanhanasy milli Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna ajaýyp sowgat bolar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berilýän hem-de gurluşygy alnyp barylýan medeni-durmuş maksatly binalaryň häzirki zaman binagärlik talaplaryny özünde jemlemegi, halkymyzyň asyrlarboýy döreden millilik ýörelgeleri bilen utgaşdyrylmagy olaryň esasy aýratynlygydyr. Çünki millilik bilen häzirki zaman döwrebap usullar birigip, has-da gözel görke eýe bolýar. Şeýle-de Köpetdagyň eteginde gurulýan Hökümet münberiniň gurluşygynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly senesi mynasybetli açylyp, ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan binalaryň biridir. Tutýan meýdany 20 müň inedördül metrden gowrak bu desga myhmanlar üçin 2 müň orunlyk münberi öz içine alýar. Münberiň öňünde bolsa uly meýdança gurlup, ol dabaraly ýörişleriň we baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän merkezine öwrüler. Binanyň şeýle kaşaň we köpugurly binagärlik aýratynlygy bilen gurulmagy diňe bir raýatlarymyzda däl, eýsem, daşary ýurt myhmanlarynda-da uly täsir galdyrjakdygy ikuçsuzdyr.

Göwher HYDYROWA,
Lebap welaýat prokuraturasynyň kazyýetiň kararlarynyň kanunylygyna gözegçilik bölüminiň müdiri, 1-nji derejeli ýurist.