Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ak şäherimiz Aşgabatda gözel binalar, aýna ýaly ýollar bilen bir hatarda, köp gatly awtoduralgalar paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we onuň myhmanlaryna hyzmat edýär. Bu awtoduralgalar özüniň döwrebaplygy, oňaýlylygy bilen tapawutlanýar.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy şeýle ajaýyp mümkinçiliklerden talabalaýyk, ýerlikli peýdalanmalydygyny maslahat berýär.