Ogulsapar NURÝAGDYÝEWA,
Ahal welaýat kazyýetiniň kazysy:
— Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge hem-de höweslendirmäge döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär. Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler hem-de maslahatlar geçirildi. Şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde geçirilen sergide telekeçilik ulgamynda gazanylan üstünlikleri, ýetilen sepgitleri şöhlelendirýän milli ykdysadyýetiň dürli ulgamlary, şol sanda gurluşyk, senagat, himiýa, dokma, azyk we oba hojalyk önümleri ugurlarynda öndürilýän, ýokary derejeli bäsdeşlige ukyply önümleriň we taslamalaryň görkezilmegi bellenilmäge mynasypdyr. Şol önümleriň hatarynda sanly ulgamyň tehnologiýalarynyň, elektron senagatyň halkara ölçeglerine laýyk gelýän dürli serişdeleriniň görkezilmegi bolsa aýratyn guwandyryjydyr.